Ï «Ahal» ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy

view-icon 5121
«Ahal» ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy

«Ahalyň» futbolçylary «Türkmenistanyň çempiony» diýen ada eýe boldular. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bu üstünligi milli çempionatyň gutarmagyna üç tapgyr galanda, onuň yzy bilen gelýän «Altyn asyr» paýtagtyň derbisinde «Köpetdagdan» 1:2 hasabynda utulanyndan, «Ahal» bolsa myhmançylykda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 4:2 hasaby bilen utmaga başarandan soň gazandy.

Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherindäki oýun 2-nji minutda hasaby açan öý eýeleriniň hüjümleri bilen başlandy. Muny Mekan Aşyrow ýerine ýetirdi. 11-nji minutda Didar Durdyýew jerime urgusy arkaly deňagramlylygy dikeltdi – 1:1. 16-njy minutda Mekan Aşyrow 11 metrlik jerime urgusyndan ikinji topy geçirip, ýene-de «Şagadamy» öňe çykardy – 2:1. Şonuň bir minut yzýany Didar Durdyýew ikinji topuny garşydaşyň derwezesine gönükdirip, hasaby deňledi – 2:2.

29-njy minutda myhmanlar netijeli hüjüm guradylar we Ata Geldiýew «Ahaly» ilkinji gezek öňe çykardy – 3:2. Bu hasap 93-nji minuta çenli dowam etdi, şonda Arslanmyrat Amanow jerime urgusyny ýerine ýetirmek bilen, aňsat düşmedik ýeňşiň soňky nokadyny goýdy – 4:2.

Şeýlelikde, milli çempionatda ýeňiji bolan «Ahal» soňky sekiz ýylyň çempiony «Altyn asyr» topardan öňe geçmäge başardy we 2023-nji ýylda AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge hukuk gazandy.

«Ahal» milli çempionatda 1992-nji ýyldan bäri çykyş edýän bolsada, ilkinji gezek çempionlyga mynasyp bolýar. Türkmenistanyň Kubogyny 3 gezek, 2014-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny alan topary bu üstünlige onuň 34 ýaşly baş tälimçisi Mergen Orazow alyp bardy.

Kümüş medallar «Ahaldan» 14 utuk yzda galan «Altyn asyra» gowşurylar. «Köpetdag» bilen myhmançylykda geçen oýunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary Altymyrat Annadurdyýewiň 65-nji minutda amala aşyran takyk urgusyndan soň 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň ahyrynda öz derwezesine iki top goýbermek bilen, 1:2 hasabynda utuldy. Ýeňiji topardan Serdar Baýramow (83-nji minut) we Begenç Akmämmedow (87-nji) tapawutlandylar.

Bürünç medallar üçin «Merw» bilen «Köpetdag» güýç synanşarlar. «Altyn asyrdan» üstün çykandan soň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary üçünji orunda durýan «Merw» bilen aratapawudyny 2 utuga çenli azaltdy. «Merw» öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen duşuşygyny 2:2 hasabynda deň tamamlany üçin, üç utuk almana mümkinçiligini elden giderdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň oýunlary 14-nji dekabrda geçiriler. Şol gün «Energetik» – «Şagadam», «Ahal» – «Köpetdag», «Altyn asyr» – «Merw» we «Nebitçi» – «Aşgabat» oýnar.