Ï Moskwanyň uly döwlet sirkiniň «ýyldyzlary» paýtagtymyzda myhmançylykda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwanyň uly döwlet sirkiniň «ýyldyzlary» paýtagtymyzda myhmançylykda

view-icon 4557
Moskwanyň uly döwlet sirkiniň «ýyldyzlary» paýtagtymyzda myhmançylykda

Şu günler Moskwanyň uly döwlet sirkiniň «ýyldyzlary» paýtagtymyzyň Döwlet sirkinde uly şowhun bilen çykyş edýärler.

Çykyşy ilkinji gününi meşhur haýwanlara tälim berijiler, Russiýanyň at gazanan artisti Dolores Zapaşnaýa, Wasiliý Porhun we olaryň tälim alan Maşka atly aýysy açdylar. Maşa gämiçiniň kömekçisi hökmünde deňiz syýahatyna ugrady, ol ýerde bolsa oňa başdan geçirmeler garaşýardy.

– Biz bu çykyşy bir ýarym ýyllap taýýarladyk – diýip, Wasiliý Porhun söhbetdeşlikde aýtdy. – Maşa – ukyply aýy, ol birnäçe filmde surata düşürildi.

Sirkçiler maşgalasy – Witaliý Zaýes hem-de onuň maşgalasy Margarita Nikulina we gyzy Darýa şowhunly çykyş etdiler. Ýokaryk galyp Margarita we Darýa örän howply tilsimleri ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar batyr, geň galdyryjy her bir hereketine uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Tälim berijiler Olga we Wladimir Turkiniň pişikler bilen ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Köpçüligi güýmeýänler Denis Çindýaskin «Mefisto», Anastasiýa Truşina «Oturgyç darbaz oýny», Denis Çindýaskin we Irina Parfenowa «Robotlar maşgalasy» atly çykyşlaryny görkezdiler. Lirikadyr çeýelikden doly çykyşy üçin tomaşaçylar Darýa Zaýese biragyzdan «Berekella!» diýdiler.

Çykyşlaryň arasynda masgarabaz Boris Nikişkin tomaşaçylary güldürdi. Ol tomaşaçylary aýdym aýtmakda ýaryşdyrdy, çykyşynyň ahyrynda bolsa ýomaklary bilen tomaşaçylary özüne maýyl etdi.

Moskwa sirk artistleriniň çykyşlary «Welosipedçiler. BMX» atly çykyşlar bilen tamamlandy. Tomaşaçylar welosipedçiniň ussatlygyny haýran galmak bilen synladylar.

Iň soňky çykyşy Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» jigitler topary ýerine ýetirdi. Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky çakgan ýigitdir gyz çapyksuwarlar tizlik, batyrlyk we çalasynlyk bilen haýran galdyryjy emelleri ýerine ýetirdiler.