Ï Oňaýly şertler, ýokary netijeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňaýly şertler, ýokary netijeler

view-icon 3651
Oňaýly şertler, ýokary netijeler

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Berkarar Diýarymyzyň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kärhanada möhüm taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylmagy, durkunyň düýpli täzelenmegi önümçiligiň möçberiniň we hiliniň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Munuň şeýledigine bu ýerde öndürilýän dürli görnüşli ýokary hilli önümler, gazanylýan ýokary netijeler şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň on bir aýynda hem kärhana 208 müň tonnadan gowrak benzini, 104 müň tonna golaýy hem dizel ýangyjy, şeýle hem jemi önümiň 34 müň tonna golaýy agyr wakuum gazoýly we 28 müň tonnadan gowragy hem ýol bitumy öndürdi. Kärhanada önümçilige döwrebap enjämlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň, şol sanda daşary ýurt sarp edijileriniň hem sanynyň artmagyna şert döredýär.

Daşary ýurtly sarp edijileriň hataryna goňşy Özbegistan döwletiniň hem goşulmagy, bu döwletiň kompaniýalarynyň şu ýylyň başyndan bäri 20 müň tonna benzin hem-de uly möçberde ýol bitumyny satyn almaklary ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur önümleri öndürýän bu kärhanada işçilerdir hünärmenler üçin oňaýly we howpsuz iş şertlerini döretmek, şonuň bilen birlikde bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň maşgalalarynyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Seýdi şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 27 ýyllyk toýunyň öň ýanynda kärhananyň işgärleriniň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan 4 gatly, her biri 3 we 4 otagdan ybarat bolan 24 öýli döwrebap täze ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem nebiti gaýtadan işleýjiler üçin edilýän aladalaryň buýsandyryjy görkezijisidir. Ýeri gelende bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk–gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk–gurnama müdirliginiň gurluşykçylarynyň ýokary hil derejesinde bina edendigini aýdyp geçmek bolar. 

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna degişli Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň işgärleri şu günler hem üstümizdäki ýyly ýokary zähmet netijeleri bilen jemlemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.