Ï Türkmenistan ulag ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ulag ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürýär

view-icon 2754

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji üçtaraplaýyn sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üç doganlyk döwletiň serişde, geografiýa we tehnologik mümkinçiliklerini bilelikde ulanmak olaryň diňe bir milli ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam etmän, eýsem Ýewraziýanyň tutuş geoykdysady düzüminiň üstüni täze döredijilikli ugurlar bilen artdyrmaga we hil taýdan baýlaşdyrmaga hem mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunda ulag ulgamy aýratyn orun eýeläp biler. Bu ulgamda ysnyşykly üçtaraplaýyn gatnaşyklar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gündogar-Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag köprüsini kemala getirmek işinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň esasy orun eýelemelidigine ynam bildirdi. Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe ugry boýunça täze ulag geçelgesiniň geljegi has uly taslamalaryň biri bolup biljekdigini hasaplap, türkmen tarapy şu ugur boýunça ýük daşalyşyy has işjeňleşdirmek üçin ýeke-täk logistik merkezi döretmek meselesine garamagy teklip etdi.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura minitrliginiň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama bilelikde hereket etmek üçin esas bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maksada gönükdirilen utgaşykly tagallalar taraplara beýleki halkara hyzmatdaşlar we iri maýadarlar bilen ylalalaşyklary gazanmaga köp derejede mümkinçilik berer.

Geografiýa taýdan amatly ýerleşmek, ösen ulag infrastrukturasy, netijeli ulag diplomatiýasy ýurtlar hem-de ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen köptaraply hyzmatdaşlygy goldap, Türkmenistanyň öňünde Gündogar-Günbatar ugry bilen bolşy ýaly, Demirgazyk-Günorta ugry boýunça hem Hazarüsti üstaşyr-ulag geçelgesiniň möhüm halkasy hökmünde onuň derejesini has-da pugtalandyrmagyň geljegini açýar.