Ï Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady

view-icon 2299

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg işleri, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, pileçi kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy söwda-ykdysady ulgamda, energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan bilen Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny beýik türkmen akyldary, Gündogaryň bütin dünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, onuň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan çäreler we oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisiň dowamynda “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiliginiň esasynda ýurdumyzyň raýatlaryna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyny girizmek baradaky teklip beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belledi. Gaznanyň goldawy bilen howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli ýardam edilýär, daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, gaznanyň hasabyna meýletin haýyr-sahawat serişdelerini sanly ulgam arkaly tölemek baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ulag, medeniýet ulgamlarynda ýakyn wagtda geçiriljek halkara derejedäki çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Aşgabat şäherinde geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şu ýylyň 16 — 19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň milli ekspozisiýasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu giň möçberli sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

“Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek göz öňünde tutulýar. Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde 18-nji maýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ähli watandaşlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar bilen gutlap, şu ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyny aýtdy. BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Bu teklipler Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, ilkinji ädim hökmünde aprel aýynyň ikinji ýarymynda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanda hereket edýän beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi instituty, Ylymlar akademiýasy, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu resminama dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip hödürlenildi. Munuň özi özara tejribe alyşmaga hem-de bu ugurdaky işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda daşky gurşawy goramaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly ýubileýi we Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany diýen adyň dakylmagy mynasybetli gutlady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, oňa Türkmenistana bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.

Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça, şol sanda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Parlamentara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleler boldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrýandygy, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy bellenildi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň ýokary hilini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanyşa girizmek, amatly ekologik ýagdaýy saklamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimize Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan işler, talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ugrunda döredilen şertler we ýaşlaryň atçylyk ulgamyna degişli milli ýörelgeleri özleşdirişleri barada habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl bedewlerden köp sanly taýlar alyndy. Hormatly Arkadagymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri akademiýada okuw işleriniň döwrebap ýagdaýda ýola goýulmalydygyny, şunda mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem akademiýanyň professor-mugallymlarynyň milli atşynaslyk däplerini ylmy taýdan öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir. Ýaşlaryň ahalteke bedewleriniň taryhyny, milli atşynaslyk däplerini ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny öwrenmekleri, at çapyşyklaryny geçirmegiň häzirki zaman usullaryny, dünýä tejribesini özleşdirmekleri babatda zerur çäreler görülmelidir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýüze çykýan gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge we adam hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak Türkmenistanyň ýygyndy topary agyr atletikaçy Döwranbek Hasanbaýewi öz hataryna goşdy. Ol Phuketde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä Kubogynda ştangany silterläp götermekde altyn medaly gazanmak bilen, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Döwranbek 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ştangany silterläp galdyrmakda 187 kilogram, itekläp götermekde 205 kilogram netijäni görkezip, jemi 392 kilogram agramda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy.

Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda şu günler paýtagtymyzda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň klub toparlarynyň gatnaşmagynda geçýän şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi. Bellenilişi ýaly, ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-siniň talyplaryndan 200 meýletinçi taýýarlanyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.