Ï «Merw» topary «Ahal» toparyny utup, üçünji orny saklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Merw» topary «Ahal» toparyny utup, üçünji orny saklady

view-icon 3560
«Merw» topary «Ahal» toparyny utup, üçünji orny saklady

2022-nji ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» topary 27-nji tapgyrda Marynyň «Merw» toparyndan 2:3 hasabynda utuldy.

Ýerli «Sport toplumynyň» stadionynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Mergen Orazowyň tälim berýän futbolçylary iki gezek hasaby deňlediler, şeýle-de bolsa ýeňlişden halas bolup bilmediler. Ýeňijileriň arasynda Orazberdi Myradow (10-njy minut), Begenç Alamow (11 metrlik jerime urgudan 23-nji minut) we Amangeldi Saparow (48-nji minut) tapawutlandylar. Ýeňlen topardan Resul Hojaýew (15-nji minut) we Didar Durdyýew (11 metrlik jerime urgudan 45+2 minut) derwezä pökgi geçirdiler.

«Merw» şu ýeňşinden soň 43 utuk bilen ýaryş tertipnamasynda üçünji orny saklady. Ondan öz meýdançasynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» 1 utuk yzda gelýär. Türkmenistanyň IIM-niň toparyna ýeňşi Bagtyýar Gürgenow (61-nji minut) we Şamämmet Hydyrow (90+2 minut) getirdiler.

Türkmenistanyň çempionaty – 2022-niň bürünç medalynyň ykbaly soňky tapgyrda çözüler. Şonda «Merw» topary we «Köpetdag» topary myhmançylykda, degişlilikde Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparynyň hem-de Marynyň «Energetika» toparynyň garşysyna oýnarlar.

Türkmenistanyň eks-çempionynyň kümüş medallaryny özüne üpjün eden «Altyn asyr» topary paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 3:0 hasabynda utdy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary üç pökginiň ählisini duşuşygyň ikinji ýarymynda derwezä geçirip, garşydaşyndan üstün çykdy. Şol pökgüleri Zafar Babajanow (48-nji minut), Myrat Annaýew (11 metrlik jerime urgudan – 75-nji minut) we Nurmyrat Rozyýew (87-nji minut) geçirdiler.

Ýaryş tertipnamasynda yzda gelýän toparlaryň duşuşygynyň esasy wakalary oýnuň tamamlanyp barýan wagtlarynda ýaýbaňlandy. Balkanabatda «Nebitçiniň» we «Energetik» toparlarynyň duşuşygynyň 87-nji minudynda myhmanlar 2 sany sary duýduryşy üçin Musa Nurnazarowyň oýundan çykarylandygy sebäpli azlykda galdylar. 2 minut geçenden soň bolsa, Maksat Çagbalyýew ýeňiş pökgüsini geçirdi. Netijede «Nebitçi» «Energetikden» 2 utuk öňe saýlandy.

Milli ýaryşyň tamamlanmagyna çenli galan bir tapgyryň öňýanynda, derwezä iň köp pökgi geçirenleriň arasynda öňdeligi Didar Durdyýew («Ahal») berkitdi, onuň hasabynda 25 gol (4-si 11 metrlikden) bar. Ikinji orunda derwezä geçiren 21 pökgüsi (5-si 11 metrlikden) bilen Alibek Abdurahmanow («Merw») barýar. Derwezä geçiren 19 goly (3-si 11 metrlikden) bilen Begenç Akmämmedow («Köpetdag») üçünji orun eýeleýär.