Ï Täze ýyla süýji önümler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyla süýji önümler

view-icon 7647
Täze ýyla süýji önümler

«Hasar» hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar! Sowgatlarda belli «Çokomelon», «Snikers» ýaly kemputlar, içi şokoladly «Lezzet» kökesi, içi süýjüli «Desse» kempudy we marmelad bar. Täze ýyl sowgatlarynda karameliň täze görnüşleri – içi şokoladly we kofeli karamel, kofe tagamly wafli – önümçiligi şu baýramyň öňüsyrasynda özleşdirilen önümler bar. Içine dürli tagamlar bilen doldurylan «Hasar – assorti» şokoladly konfetler toplumy süýji zatlary halaýanlar üçin hakyky sowgatdyr.

Konditerçiler her gün takmynan 50 tonna süýji-köke öndürýärler, «Hasar» kärhanasynda ýüzden gowrak konditer önümleri öndürilýär. Bu kärhananyň önümlerini ýurdumyzyň islendik söwda nokadynda görmek bolýar, bu önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu kärhana 2000-nji ýyldan bäri içerki bazarda-da, ýurdumyzyň daşynda-da uly abraýa eýe bolany üçin, onuň önümine sarp edijiniň islegi-de uly.

Doly önümçilikde işleýän «Hasar» HJ-de çig mal taýýarlamakdan başlap, taýýar önümleriň gaplanyşyna çenli ähli zerur amallar ýerine ýetirilýär. Bu ýerde ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, önümçiligiň umumy mukdaryna ýerli çig malyň köp çekilmegine we täze önümçilik kuwwatynyň işe girizilmegine uly üns berilýär.

Öňümizdäki iki ýylda telekeçiler konditer önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda şunça kuwwatly ýene bir zawodyň gurluşygy başlandy. Bu ýerde «Mars», «Baunti», «Snikers» we beýleki halanýan süýjülerini öndürmek üçin enjamlar oturdylar.