Ï Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň ýeňijileri kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň ýeňijileri kesgitlenildi

view-icon 6971
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Aşgabatda küşt boýunça Türkmenistanyň birinji ligasynyň erkekler we zenanlar toparlary kesgitlenildi. Ol milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň abraýly ýokary ligasyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyry bolup durýar.

Erkekleriň ýaryşynda 9 tapgyrda 8,5 utuk netije bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň tälimçisi Ýusup Baýramgeldiýew (FIDE-niň reýtingi – 2068) ýeňiş gazanmaga başardy. Ol ygtybarly, durnukly oýun usulyny görkezmegi bilen meşhurdyr. Ikinji orna üstünlikli çykyşlary bilen belli bolan Allaýar Şirliýew (FIDE-niň reýtingi – 2141) mynasyp boldy. Üçünji baýrakly orny bolsa, paýtagtymyzyň küşt-şaşka mekdebiniň 16 ýaşly okuwçysy Amanmuhammet Hommadow (1732) eýeledi. Onuň üçin bu üstünlik häzire çenli esasy üstünligidir.

Zenanlaryň tapgyrynda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy Merýem Agajanowa (FIDE-niň reýtingi – 1783) möhletinden öň ýeňiji boldy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8,5 utuk toplap, iň ýakyndaky garşydaşyndan 1,5 utuk öňe geçdi. Zehinli mekdep okuwçysy Merýem üçin hem bu geljegi uly küşt ýaryşlarynda esasy gazanan üstünligi bolup durýar. Ikinji we üçünji orunlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Ogulsuraý Baýrambaýewa (1865) hem-de Jennet Durdyýewa (1873) eýelediler, olar degişlilikde 7 we 6,5 utuk topladylar.

Şeýle hem baýrakly orunlary eýelänlerden başga-da, erkekler tapgyrynda diňe goşmaça koeffisient boýunça üçünji orundan yza galan halkara ussat Karen Grigorýan (2294), zenanlar toparynda bolsa, Lebap welaýatynyň küştçüleriniň üçüsi – Mähri Aýmakowa, Leýla Şöhradowa we Maral Zeripjanowa ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandylar. Olar degişlilikde 4-nji orundan 6-njy orun aralygyny eýelediler.

Şeýle hem ýokary ligada ýurdumyzyň ýaşlar çempionatynyň (20 ýaşa çenli) ýeňijileri üçin aýratyn orunlar göz öňünde tutuldy. Bu ýaryş 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriler. Küşdüň taryhynda ilkinji gezek zenanlaryň ýokary ligasynyň ýeňijisi üçin erkekler ligasynda ýörite orun bölünip berildi, munuň özi ýurdumyzda zenanlaryň küşt derejesini ýokarlandyrmak üçin edildi.

 2023-nji ýylyň fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen erkekler we zenanlar ýokary ligalarynyň hersinde ýurdumyzyň jemi 12 sany güýçli küştçüleri oýnar. Şu ýaryşlarda iň ýokary orunlary eýelän oýunçylar Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine girerler hem-de küşt boýunça resmi halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny goramaga wekilçilik ederler.