Ï Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy

view-icon 4282
Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy

«Aşgabat» köpugurly stadionyň meýdançalarynda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Hormatly baýraga eýe bolmak ugrunda erkekler we zenanlar toparlarynyň hersinden 8 türgen – reýtingi boýunça güýçli tennisçileriň 16-sy bäsleşdiler.

Ýaryşlar Dewisiň we Billi Jin Kingiň ulgamy boýunça geçirildi. Düzgüne laýyklykda, ýaryşa gatnaşyjylar iki topara bölünip, iň oňat türgenleriň ikisi ýarym finala çykdylar.

Garaşylyşy ýaly, «A» toparda Türkmenistanyň häzirki 5 gezek çempiony, Serhet institutynyň sport klubunyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý, «B» toparda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzasy Atlymyrat Gurbanow ýeňiji boldular. Olar ýarym finalda beýleki toparda ikinji orny eýelän tennisçiler bilen oýnadylar.

½ finalda Ý. Rogusskiý Allanur Daýanjewi – 6:4, 7:5 hasabynda utdy, A. Gurbanow bolsa Hajymyrat Çaryýewden – 7:6, 4:6, 6:0 hasabynda üstün çykdy.

1 sagat 20 minut dowam eden finalda Atlymyrat Gurbanow Ýuriý Rogusskiden – 6:2, 6:4 hasabynda üstün çykdy hem-de ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.

Atlymyrat Gurbanow 26 ýaşynda. Ol tennis bilen meşgullanmagyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynda mugallymçylyk işi bilen utgaşdyrýar. Şu ýyl Atlymyrat Ý. Rogusskiý bilen bilelikde çykyş edip, jübütleýin görnüşde Türkmenistanyň çempiony boldy.

Türkmenistanyň Kubogynyň bürünç medalynyň eýesi IIM-niň 23 ýaşly harby gullukçysy Hajymyrat Çaryýew boldy. Ol 3-nji orun ugrundaky duşuşykda Allanur Daýanjewi – 7:6, 6:2 hasabynda ýeňdi.

Zenanlaryň toparynda ýekelikde çykyş etmekde Türkmenistanyň Kubogyny ilkinji gezek «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 12 ýaşly türgeni Ilima Guseýnowa eýeledi. 2 sagat 20 minut dowam eden finalda ol üç setde Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 17 ýaşly Rojan Garajaýewadan – 6:1, 5:7, 6:1 hasabynda üstün çykdy.

Şu ýyl Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ilima Guseýnowa üçin örän üstünlikli boldy. Oktýabr aýynda bu zehinli tennisçi gyz 12 we 14 ýaşly türgen gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň birinjiligini aldy, noýabr aýynda bolsa milli rekord goýup, zenanlaryň arasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.

Zenanlaryň toparynda ýekelikde çykyş etmekde A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus mekdebiniň 8-nji synp okuwçy gyzy 14 ýaşly Merýem Muhammedowa üç setlik duşuşykda Aýşa Bekbulatowany – 2:6, 6:3, 6:4 hasabynda ýeňip, üçünji baýrakly orny eýeledi.

Erkekleriň arasynda baýrak eýeleriniň üçüsi hem, şeýle-de ýeňiji bolan gyz Ilima Guseýnowa we zenanlaryň toparynda ýekelikde çykyş etmekde Türkmenistanyň Kubogynyň bürünç baýragynyň eýesi Merýem Muhammedowa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hem-de «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Kubogynyň çäklerinde Milli tennis federasiýasy, şeýle hem çagalaryň tennisini ösdürmek maksady bilen täze ýyl ýaryşyny geçirdi. Oňa 10 ýaşa çenli ýaş derejelerinde oglanlaryň 12-si we gyzlaryň 16-sy gatnaşyp, ilkinji gezek hakyky pökgide oýnadylar.

Oglanlaryň ýaryşynda Aşgabadyň 7-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aliryza Meredow ýeňiji boldy. Ol finalda «Aşgabat» tennis akademiýasynda tälim alýan Demid Ugrýumowdan – 4:0, 4:1 hasabynda üstün çykdy. Üçünji baýrakly orna Kirill Fedçenko mynasyp boldy.

Gyzlaryň ýaryşynda bolsa Aşgabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Sülgün Işangulyýewa taý tapylmady. Ol finalda 4:2, 4:1 hasaby bilen Ýewgeniý Molçanowyň we Mälikguly Mämmetgulyýewiň tälim berýän türgeni Sähra Garahanowany utdy.

3,5 ýaşyndan bäri tennis bilen meşgullanýan 9 ýaşly Sülgün Işangulyýewanyň şu aýda Izmirde (Türkiýe) 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda ýeňiş gazanandygyny ýatlamak gerek. Bu zehinli tennisçi gyz dünýäde sportuň meşhur görnüşiniň başlangyç esaslaryny «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tälimçisi Hajymyrat Çaryýewde hem-de Ýewgeniý Molçanowda öwrenip başlady. Häzir ol Türkmenistanda tennis boýunça ilkinji sanawda durýan Ýuriý Rogusskide türgenleşýär.

Gyzlaryň arasynda Täze ýyla bagyşlanan çagalar ýaryşynda üçünji orny Näzli Hudaýgulyýewa eýeledi.