Ï «Altyn asyr» – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň sekiz gezek eýesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň sekiz gezek eýesi

view-icon 4263
«Altyn asyr» – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň sekiz gezek eýesi

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýelediler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary bu üstünligi jemleýji duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny 3:1 hasabynda utup gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan döredilen Naýbaşy kubok ugrundaky ýaryş ýurdumyzyň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýyl «Altyn asyr» çempionaty utdy, «Şagadam» bolsa Türkmenistanyň Kubogyny aldy.

2016-njy ýylda iki topar Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşda özaralarynda ozal duşuşypdylar. Şonda 2:1 hasaby bilen «Altyn asyr» ýeňiş gazandy.

2021-nji ýylyň Çempionynyň hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesiniň duşuşygy paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Ilkinji gola köp garaşmaly bolmady. Eýýäm 3-nji minutda Kerim Hojaberdiýew «Şagadamy» öňe çykardy – 1:0. 32-nji minutda 11 metrlik jerime urgudan Myrat Annaýew hasaby deňledi – 1:1. Şu hasap bilen toparlar arakesmä çykdylar.

Duşuşuygyň ikinji ýarymynda AFK Kubogy-2018-iň finalçysy «Şagadamyň» derwezeine iki pökgi geçirdi: 67-nji minutda Yhlas Toýjanow, 76-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandylar.

Netijede, «Altyn asyr» mynasyp ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi. Ýeňiji topary bu üstünlige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew getirdi. Ol häzire çenli Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary bilen bu abraýly baýraga üç gezek eýe bolupdy, indi bolsa «Altyn asyr» bilen Naýbaşy kuboga sekizinji gezek yzly-yzyna mynasyp bolýar.