Ï Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň netijeleri jemlendi

view-icon 5755
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň netijeleri jemlendi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2022-nji ýylyň futbol möwsümindäki ýeňijileriň atlaryny yglan etdi.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýlip, ilkinji gezek «Köpetdagyň» hüjümçisi, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda doglan, 24 ýaşly Begenç Akmämmedow ykrar edildi. Ol dürli ýyllarda «Aşgabat», «Ahal», «Altyn asyr» toparlarynda çykyş etdi. Iň soňky milli ýaryşda onuň oýnan «Köpetdag» topary dördünji orny eýelemek bilen, ýeňijileriň hataryndan aşakda galdy, üçüsi jerime urgusyndan bolmak bilen, 19 pökgini tora girizen Begenjiň özi bolsa ussat oýunçylaryhň bäsleşiginde «Ahalyň» oýunçysy Didar Durdyýewden 8 pökgi yza glmak bilen, üçünji orny eýeledi.

29 ýaşly Didar Durdyýewiň Türkmenistanyň çempionatynda ikinji gezek iň köp pökgi salan oýunçydygyny bellemelidir. 2019-njy ýylda bu hüjümçi 14 pökgini, 2022-nji ýylda bolsa 5-isi jerime urgusyndan bolmak bilen 27 pökgini tora saldy. Bu bäsleşikde ikinji orny eýelän Alybek Abdyrahmanow («Merw») ondan 6 pökgi az geçiripdir.

Futbol federasiýasy 2022-nji ýylyň möwsüminiň iň gowy 22 oýunçysyny-da kesgitledi.

Birinji topara şular girdiler: derwezeçi Resul Çaryýew («Ahal»), goragçylar Mekan Saparow («Altyn asyr»), Abdy Bäşimow, Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew (hemmesi – «Ahal»), ýarymgoragçylar Mirza Beknazarow, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de – «Ahal»), Ahmet Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi hem – «Altyn asyr»), hüjümçiler Didar Durdyýew («Ahal») we Begenç Akmämmedow («Köpetdag»).

Ikinji topara girenler: derwezeçi Mämmet Orazmämmedow («Altyn asyr»), goragçylar Zafar Babajanow, Yhlas Toýjanow (ikisi-de – «Altyn asyr»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Ybraýym Mämmedow («Ahal»), ýarymgoragçylar Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew (ikisi hem – «Ahal»), Mekan Aşyrow («Şagadam»), Myrat Annaýew («Altyn asyr»), hüjümçiler Alybek Abdyrahmanow («Merw») we Kerim Hojaberdiýew («Şagadam»).

Iň gowy derwezeçi diýlip, «Ahal» toparynyň 23 ýaşly derwezeçisi Resul Çaryýew ykrar edildi. Geçen möwsümde ol «Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy» baýragyna bil baglap bilerdi, çünki «Türkmenistanyň çempionatynda, kubogynda, FFT kubogynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň ýeňiş gazanmagyna ep-esli goşant goşupdy, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň (U-23) Özbegistanda geçirilen Aziýa-2022 kubogynda üstünlikli çykyş edipdi. Ahmet Agamyradowyň şägirtleriniň ilkinji gezek ýaşlar yklym birinjiliginiň soňky ýaryşynda çykyş edip, türkmen futbolynyň taryhynda iň gowy netijäni gazanmak bilen, çärýek finala çykandygyny ýatladýarys.

FIFA-nyň emini Resul Mämmedow Türkmenistan-2022 çempionatynyň iň gowy emini boldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan döredilen we iň oňat tertip-düzgüni bolan topara gowşurylýan «feýer pleý» (adalatly oýun) baýragyna «Merw» FK mynasyp boldy.

Türkmenistan-2022-niň iň gowy tälimçisi diýlip, 34 ýaşly Mergen Orazow ykrar edildi, onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» FK geçen ýyl ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy, dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyny we ikinji gezek FFT kubogyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasynda çempionlyk kubogyny toparyň kapitany Serdar Geldiýewe Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Milli birinjiligiň kümüş medallary Türkmenistanyň öňki çempiony «Altyn asyra», bürünç medallar bolsa «Merwe» gowşuryldy.

Sekiz toparyň gatnaşmagynda dört tapgyrda geçirilen soňky çempionatyň netijeleri boýunça, ygtyýarlandyrmak işlemi üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, üç ýeňiji hem Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň howandarlygynda geçiriljek klub ýaryşlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder.

«Ahal» ýurdumyzyň çempiony hökmünde AFK Çempionlar ligasynyň 2023/2024-nji ýyl möwsüminde toparlaýyn ýaryşyna gatnaşar. Wise-çempion «Altyn asyr» we çempionatyň bürünç medalçysy «Merw» bolsa AFK kubogynda çykyş eder. «Altyn asyr» milli çempionatyň kümüş medalçysy hökmünde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji ýerde durýan kubogy ugrundaky göreşe AFK kubogynyň toparlaýyn tapgyryndan başlar, bürünç medalçy «Merw» bolsa oýunlary 2023-nji ýylyň awgust aýynda geçiriljek saýlama tapgyryndan başlar.