Ï Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara derejesinde işjeňleşmeginiň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara derejesinde işjeňleşmeginiň geljegi

view-icon 3386

Gadam basan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Türkmenistanyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaşlaryň işjeňleşmegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny dolandyrmakda olaryň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň maksada okgunly we bilimli ýaş nesilleri diňe bir durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki ösüşe däl, eýsem, onuň daşary syýasy başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegine hem-de halkara abraýynyň ýokarlanmagyna goşýan goşandyny hem ep-esli artdyrmaga ukyplydyr. 

Geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç goldanyldy we «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde «Dialog ̶ parahatçylygyň kepili hökmünde» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi we şunuň bilen baglylykda, geçiriljek çäräniň degişli ugurlary we guramaçylyk meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak üçin geljekki kongresiň görnüşini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem şu ýyl BMG-niň sebitara nusgasynyň nobatdaky mejlisini guramak meýilleşdirildi. Şonuň ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi. Çäräni 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe gabatlamak hem-de ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde geçirmek maksat edinilýär. Geljekki çäre BMG-niň ulgamynyň birnäçe edaralarynyň, hususan-da, Baş Assambleýanyň, Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) we beýlekileriň işini ýerine ýetirer.

Daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri we abraýly okuw edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ähtnamalaryň sanynyň her ýylda artmagy we ähtnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen birlikde, BMG-niň bilim maksatnamalarynyň çäklerinde, şol sanda BMG-niň Uniwersiteti (BMGU) bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň has doly ulanylmagy türkmen ýaşlarynyň halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine hem-de giňeldilmegine ýardam eder. Bu edarada dünýäniň 13 ýurdunda ylmy-barlag merkezleriniň 15-si bellige alnandyr we olaryň her biri ýöriteleşdirilen hünär ugruna eýe bolup, ýerli uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Tanyşmak maksatly saparlaryň guralmagy Türkmenistanyň talyplaryna BMGU-daky deň-duşlary bilen tanyşmaga, onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän halkara maksatnamalary öwrenmäge, BMG-niň Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekmäge hem-de iş ýüzünde gatnaşyk etmäge girişmäge mümkinçilik berer