Ï Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini döretmek göz öňünde tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini döretmek göz öňünde tutulýar

view-icon 3266
Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-a döwlet saparynyň netijesi boýunça gol çekilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda 2023 – 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirlendir.

Dostlukly döwletler adaty lukmançylyk ulgamynda alyşmalary berkitmegi, Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini bilelikde döretmegi hem-de dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, adaty lukmançylygyň kömegi bilen keselleri anyklamak, bejermek babatda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň adaty lukmançylykda gadymy hem-de baý tejribesi bar. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri keselleriň öňüni almakda we bejermekde dürli usullary hem-de dermanlyk ösümlikleri ulanypdyrlar. Adaty lukmançylygyň tejribesi, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde jemlenendir. Köp asyrlyk hytaý lukmançylygy dünýä belli akupunktura, derman we manual terapiýa, mediatiw dem alyş hem-de hereket maşklary, bejeriş-sagaldyş gimnastikasy, sagdyn durmuş düzgün-tertibii we iýmitlenmek ýaly netijeli ulgamdyr.

Dostlukly iki ýurt adaty lukmançylyk ulgamynda üstünlikli tejribe alyşýarlar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmaçylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmaçylygy uniwersitetiniň arasynda pugta gatnaşyklar ýola goýuldy. Hytaýyň ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplary adaty hytaý lukmançylygyny öwrenýärler, türkmen mugallymlary bolsa hytaý lukmançylygynyň nusgawy esaslaryny okatmakda tejribe alýarlar.

Ýurdumyzyň lukmançylyk uniwersiteiniň hünärmenleri ösümlikleriň, hususan-da, üzärligiň bejeriş häsiýetlerini öwrenýärler. Olar barlaglaryň döwrebap fiziki-himiki usullaryny ulanyp, geljekde derman önümçiliginde peýdalanmak üçin bu ösümligiň düzüminde 50-ä golaý wajyp biologiki işjeň mikroelementleri ýüze çykardylar. Işjeň tejribe we hünärmenleri alyşmak, düýpli hem-de amaly barlaglar meseleleri boýunça seminarlaryň we geňeşmeleriň geçirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda tebigy dermanlyk serişdeleri işläp taýýarlamakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge ýardam edýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdalykda gazanylan tejribeler Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini döretmek üçin degerli esas bolar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ol, ozaly bilen, dürli keselleri bejermek boýunça merkez bolar. Onuň işiniň beýleki ugurlarynyň arasynda adaty lukmançylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak we tejribe alyşmak, düýpli hem-de amaly barlaglar geçirlende hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň we Hytaýyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň, öňüni alyş hem-de bejeriş-sagaldyş edaralarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly ugurlar bar.