mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy topary ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşa gatnaşar

view-icon 1857
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy topary ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar topary 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşa ilkinji gezek gatnaşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna habar berlişine görä, Olimpiýa ýaryşyna saýlama oýunlarda zenanlar toparymyzyň bäsdeşleri 12-nji ýanwarda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky edarasynyň merkezinde geçiriljek bije çekişliginde belli bolar. 

Pariž – 2024 Olimpiadasyna Aziýadan zenanlar toparlarynyň arasynda saýlama oýunlara iň kän – 31 ýygyndy gatnaşar. Olardan 26-sy ýaryşyň birinji tapgyrynda 7 toparça bölüner. 5 toparçanyň hersinde dört, ikisiniň hersinde 3 topar bolar. Türkmenistanyň ýygyndysy bijeden öň Palestinanyň, Singapuryň, Bangladeşiň, Liwanyň, Täjigistanyň we Gündogar Timoryň ýygyndylary bilen bir topara düşdi, toparymyz olar bilen saýlama tapgyrda duşuşmaz.

Aziýada Olimpiada zenanlar toparlarynyň saýlama oýunlarynyň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň 3 – 11-nji aprelinde bir aýlawda merkezleşdirilen düzgünde geçiriler.

Kamil Mingazow ýurdumyzyň milli we ýaşlar (U-20) ýygyndylarynyň baş tälimçisi hökmünde türkmen futbolçy zenanlaryny ýylyň bu wajyp ýaryşyna taýýarlar, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2023-nji ýylda onuň bilen şertnamany uzaltdy. 54 ýaşly bu zehinli hünärmen Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda 2016-njy ýyldan bäri netijeli işläp gelýär. 2017-nji ýylda zenalar toparymyzy Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň futzal ýaryşyna, şondan bir ýyl soň bolsa Bangkokda geçen futzal boýunça Aziýa çemňionatyna saýlama ýaryşa ilkinji gezek gatnaşypdy.

Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýygyndysy belli bir derejede üstünlik gazandy we Duşanbede Merkezi Aziýa futbol assosiýasynyň (CAFA) taryhda birinji çempionatynda çykyş edip, Täjigistanyň (1:1) we Gyrgyzysatanyň (0:0) toparlary bilen deň oýnady. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 2022-nji ýylyň awgustynda Futbol assosiýasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) görkezijisine düşdi, 2022-nji ýyly 187 toparçanyň arasynda 137-nji orunda tamamlady.

Ýeri gelende, Täjigistanda geçen ýaryşdan soň türkmen zenan furbolçylaryna daşary ýurtlarda has köp gyzyklanylandygyny bellemek gerek. 2022-nji ýylyň oktýabrynda ilkinji gezek ildeşimiz – goragçy Maýa Musaskaýa daşary ýurt futbol klubuna -- Türkiýäniň zenanlar premýer-ligasynyň «Dudullu spor» klubuna çagyryldy.

Şeýle hem, ýarym goragçylar Malika Mämmedowa bilen Arzu Türk Türkiýede çykyş edip başladylar. 2022-nji ýylda Malika «Beşiktaşyň» hatarynda U-15 toparçalarynyň arasynda Stambulyň Kubogy ýaryşynda ýeňiş gazandy, Arzu bolsa U-18 ýaşlar toparçasynyň düzüminde Ankaranyň «Gençlerbirligi» klubunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezebany Aýşa Amanberdiýewa Birleşen Arap Emirlikleriniň klublarynyň birinde synagdan geçýär.

2023-nji ýylda türkmen zenan futbolçylary has köp ýaryşa gatnaşarlar. Olimpiýa oýunlary-2024-e saýlama oýunalrdan başga-da, zenanlar toparlarymyz gyzlaryň arasynda U-20 we U-17 Aziýa çempionatyna saýlama oýunlara gatnaşarlar, olar degişlilikde mart aýynda Bangladeşde hem-de aprelde Singapurda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Täze ýylyň ilkinji günleri Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň zenanlar ýaşlar ýygyndysy üçin ilkinji taýýarlyk ýygnanşygyny gurady, oňa synaga paýtagtymyzdan we welaýatlaryň ählisinden 40-a golaý futbolçy gyz çagyryldy. Okuw-türgenleşik ýygnanşygy 14-nji ýanwara çenli dowam eder.