Ï Elektrik energiýasynyň öndürilişi ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektrik energiýasynyň öndürilişi ýokarlanýar

view-icon 6446
Elektrik energiýasynyň öndürilişi ýokarlanýar

Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy.

Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilendigini tassyklaýar.

Balkanabat döwlet elektrik bekedi hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem tutuş Diýarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakda mynasyp orny eýeleýär.

Balkanabatly energetikler ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, geçen 2022-nji ýyly hem ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemegiň hötdesinden geldiler. Beketde köp möçberde öndürilýän elektrik energiýasy hem günbatar sebiti doly üpjün edýär. Artykmaç tok bolsa ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.