mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy

view-icon 1853
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) edarasynda geçirilen bije atyşlykda Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada zenanlar toparlarynyň arasynda futbol boýunça saýlama ýaryşda Hindistanyň we Gyrgyz Respubliaksynyň ýygyndylary Türkmenistanyň toparynda bäsdeşler boldy.

Toparlaryň 26-sy ýaryşyň birinji tapgyrynda 7 topara bölüner.

Türkmenistan «G» toparda çykyş eder.

Galanlarynda:

«A» toparda: Özbegistan, Iordaniýa, Gündogar Timor, Butan.

«B» toparda: Mýanma, Eýran, Bangladeş, Maldiw adalary.

«C» toparda: Wýetnam, Nepal, Palestina, Owganystan.

«D» toparda: Tailand, Mongoliýa, Singapur, Şri-Lanka.

«E» toparda: Filippinler, Gonkong, Täjigistan, Pakistan.

«F» toparda: Taýwan, Indoneziýa, Liwan bar.

Aziýa saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynyň oýunlary 2023-nji ýylyň 3-11-nji aprelinde bir aýlawda merkezleşdirilen düzgünde geçiriler. Toparlaryň ählisiniň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri biraz soňrak belli bolar.

Saýlama tapgyryň ikinji bölegine ýedi toparyň diňe ýeňijileri çykarlar, olara Aziýada iň ýokary görkezijili KHDR, Ýaponiýa, Awstraliýa, Hytaý we Koreýa Respublikasy goşular.

Ikijni saýlama tapgyryň iň güýçli dört topary (toparlaryň üçüsiniň ýeňijisi we ikinji orunlary eýelänlerden iň güýçlüsi) üçünji saýlama tapgyrda duşuşarlar. Jemleýji tapgyrda iki jübüt toparlar öz aralarynda iki gezek – öz meýdançasynda we myhmançylykda oýnarlar. Olaryň ýeňijileri Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada zenanlar toparlarynyň arasynda futbol boýunça ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Kamil Mingazow türkmen futbolçy zenanlaryny olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşa taýýarlar. Onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýygyndysy belli bir derejede üstünlik gazandy we Duşanbede Merkezi Aziýa futbol assosiýasynyň (CAFA) taryhda birinji çempionatynda çykyş edip, Täjigistanyň (1:1) we Gyrgyzysatanyň (0:0) toparlary bilen deň oýnady. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 2022-nji ýylyň awgustynda Futbol assosiýasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) görkezijisine düşdi, 2022-nji ýyly 187 toparyň arasynda 137-nji orunda tamamlady.

«Geljekki bäsdeşlerimizi biz gowy tanaýarys. Toparymyzda öňbaşçy hasaplanylýan Hindistanyň topary bilen biz Türkiýede 2019-njy ýylda geçirilen taýýarlyk ýygnanşyklarynda duşuşdyk. Ýyndam hindi futbolçy zenanlary bizde gowy täsir galdyrdylar. Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilenem geçen ýyl Täjigistanda CAFA çempionatynda oýnadyk. Gowy oýnarys, hiç kime utdurmajak bolarys» - diýip, futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow bijäniň netijelerini teswirlap «AA»-nyň habarçysyna gürrüň berdi.