mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilen halkara ýaryşda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyny utdy

view-icon 2010
Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilen halkara ýaryşda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyny utdy

Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän «Kazan Hockey Cup» halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji ýeňşi gazandy. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdi.

Iki topar hem ýaryşa şowsuz başlady: birinji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary Tatarystanyň toparyndan 2:7 hasabynda utuldy, gyrgyzystanly hokkeýçiler bolsa gazagystanly garşydaşlaryndan 5:7 hasabynda ýeňildi. Şonuň üçin-de olaryň ýüzbe-ýüz oýny möhümdi.

Ildeşlerimiz oýna aýgytly girişip, ony ýeňiş bilen tamamladylar.

Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri Gazagystanyň topary bilen oýnar. Garşydaşlaryň hersiniň bir utuşy bar. Diýmek, toparda birinji orny almak ugrundaky oýun gaty gyzykly boljaga meňzeýär.

«Kazan Hockey Cup»-yň ilkinji halkara ýaryşynyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» sammitiniň karary bilen geçirilýändigini ýatladýarys.

Bäsleşige 12 erkekler we 5 zenanlar topary gatnaşýar.

Türkmen hokkeýçileri üçin Tatarystanyň paýtagtyndaky ýaryş şu ýylyň aprel aýynda Günorta Afrikada geçiriljek «A» toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. Baýram Allaýarowyň şägirtleri «A» toparyň üçünji bölüminde dünýä birinjiliginde iki gezek bürünç medalyň ýeňijisi bolandygyny ýatladýarys. Olar bu üstünlige soňky gezek geçen ýyl Lýuksemburgda geçen dünýä çempionatynda eýe boldular.