mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Täze toplum kemala gelýär

view-icon 1768
Täze toplum kemala gelýär

Daşoguz şäherinde halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynyň sudury barha aýdyňlaşýar. Onuň gurluşygyna sebitdäki köp gurluşyk kärhanasy, şol sanda hususy telekeçilik düzümlerine degişli kärhanalar-da gatnaşýar.

Bu toplum şu günler ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde gurulýan ýaşaýyş etrapçalarynyň iň ulusydyr, şonuň üçin-de bölünip berlen 71 gektar meýdanda birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn gurlar. Ol giňligi we amatlylygy bilen tapawutlanjak jemi 1496 öý üçin niýetlenen içki gurluşy kämil, onlarça dört gatly ýaşaýyş jaýy öz içine alar. Olara ýanaşyk ýerleriň hemmesi abadanlaşdyrylar, yşyklandyrylar we bag-bakja ekiler, toplum, şeýle hem, sadaka jaýlary we awtoulaglar üçin ýörite duralgalar bilen üpjün ediler. Gurulmagy göz öňünde tutulýan jemgyýetçilik, medeni we lukmançylyk desgalarynyň arasynda häzirki zaman saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 okuwçy üçin umumy bilim berýän mekdep we durmuş hyzmatlary merkezi bar.

Toplumyň ösen infrastrukturasy bolar, onuň üçin suw, ýylylyk we elektrik üpjünçiligini amala aşyrjak ähli inženerlik ulgamlary; lagym ulgamy we başgalar gurlar. Häzirki zaman şäher gurluşygyna bildirilýän talaplara laýyklykda, inženerlik birleşdirmeleriň ýerasty görnüşini giňden ulanmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, bu ýerdäki suw geçirijisiniň uzynlygy 4600 metr, ýyladyş geçirijisi 5 müň 400 metr bolar. Täze etrapça iki sany lagym sorujy beket, täze elektrik astbekedi hyzmat eder, jemi 30 sany transformator, şol sanda kiçi meýdanda has köp birikmä mümkinçilik berýän modully transformatorlar-da gurlar. Köçe yşyklandyryş ulgamyny çekmek üçin, 440-dan gowrak direg gurulmagy meýilleşdirilýär.