Ï Türkmen tennisçileri Aziýa (U-14) birinjiliginiň birinji saýlama ýaryşynyň kümüş baýragyny eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri Aziýa (U-14) birinjiliginiň birinji saýlama ýaryşynyň kümüş baýragyny eýelediler

view-icon 3708
Türkmen tennisçileri Aziýa (U-14) birinjiliginiň birinji saýlama ýaryşynyň kümüş baýragyny eýelediler

Türkmen tennisçileri Ilima Guseýnowa, şeýle hem Imran Ahundow we Selim Çagylow ýaşy 14-e çenli tennisçileriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýa sebitiniň Aziýa birinjiliginiň birinji saýlama ITF Asia 14&U Development Championships ýaryşynda kümüş baýrak eýelediler. Iki saýlama tapgyrdan ybarat ýaryş 8 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçýär.

Ilima Guseýnowa ýekelikde ikinji orna mynasyp bolsa, Imran Ahundow we Selim Çagylow bilelikde oýnamakda şeýle netije gazandylar.

Üstünlik getiren oýunlarda Türkmenistanyň 12 ýaşly birinji raketkasy ilkinji oýunda Kaýa Çkaýbany (Liwan) – 7:6, 6:4, soňra çärýek final duşuşygynda üç setde Özbegistandan Keira Kimi 1:6, 6:2, 7:6, ýarym finalda Gyrgyzystandan Ýewa Gawşinany 6:2, 6:2 hasabynda aňsat utdy. Ildeşimiz aýgytlaýjy çekeleşikli oýunda özbegistanly Emiliýa Kimden 7:6, 3:6, 2:6 hasabynda asgyn gelip, ikinji orna düşdi.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ilima Guseýnowa üçin geçen ýyl has şowly boldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda bu zehinli tennisçi 12 we 14 ýaşly türgenleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiliginde ýeňiş gazandy, noýabrda bolda ilkinji gezek zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, ýaşlygyna garamazdan milli rekord goýdy, dekabrda bolsa finalda Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 17 ýaşly Rožan Garajaýewany 6:1, 5:7, 6:1 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.

Imran Ahundow we Selim Çagylow bilelikde oýnap çärýek finalda Katardan Ahmed Alsaid bilen Marwan Raşady 6:2, 7:6 utdular, ýarym finalda bolsa Gyrgyzystandan Dawid Mogilewskiý hem-de Sultan Satykeýewden 3:6, 6:1, 10:5 hasabynda üstün çykdylar. Aýgytlaýjy oýunda ildeşlerimiz Özbegistandan Akmal Abdullaýew bilen Abdulhodiýa Hosilowdan 2:6, 2:6 hasabynda ýeňildiler we kümüş baýraga mynasyp boldular.

Imran Ahundow Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda, Selim Çagylow bolsa paýtagtymyzdaky 18-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýarlar.

Ilima Guseýnowa, Imran Ahundow we Selim Çagylow «Aşgabat» tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Miraly Guseýnowyň ýolbaşçylygynda ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.