mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Täze spektakl sahnalaşdyrylýar

view-icon 2395
Täze spektakl sahnalaşdyrylýar

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze spektakl sahnalaşdyrylyp başlandy.

Bu gezek režissýor Guwanç Baýmedow ýazyjy Magtymguly Myşşyýewiň döredijiligine ýüzlenip, teatryň sahnasynda «Ene» atly durmuşy-filosofik eserini goýmak kararyna geldi.

Eserde enäniň we onuň iki oglunyň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklar görkezilýär.

Çagalar ulalyp, tanalmaz derejede üýtgese-de, olar hemişe ene-atasy üçin çaga bolup galýarlar.

Şeýle hem ene-atalar garran çaglary uly adam bolan öz perzentleri üçin uly ýük bolýar.

Bu aýdylanlar pýesanyň gahrymany Akgözel ejäniň durmuşynda bolup geçýär.

Iki ogluny ösdürip ýetişdiren ene olaryň durmuşynda öz eýeleýän ornuny tutmagyny bes edýär.

Öýlenensoňlar, oglanlar öz maşgalalary bilen gümra bolup, garry hem-de näsag eneleriniň ýanyna örän seýrek barýarlar.

Gynandyryjy we şol bir wagtyň özünde örän tolgundyryjy hekaýa dartgynly ýagdaýda tamamlanýar.

– Enäniň keşbi ̶ sungatda baky tema -diýip, režissýor Guwanç Baýmedow aýdýar.– Türkmen halkymyzda aýdylyşy ýaly, bize ýaşaýşy bagyş eden ene mukaddesdir. Onuň göwnüni ynjydyp bolmaz. Enäniň sözlerini keramat diýip kabul etmek we oňa hormat goýmak möhümdir. Bu halkymyzyň däp-dessurlaryna ornaşypdyr. Emma käwagt çagalar öz ene-atalarynyň öňündäki borçlaryny ýatdan çykarýarlar. Magtymguly Myşşyýewiň eseriniň many-mazmuny diýseň täsir edýär we biziň teatrymyzyň sahnasynda goýuljak bu oýun tomaşaçylaryň göwnünden turar diýip ynanýaryn.

Häzirlikçe bolsa aktýorlar spektakldaky öz ýerine ýetirmeli şekilleriniň üstünde işleýärler.

Oýnuň gahrymanlaryň üsti bilen spektakly filosofik oýlanma derejesinde görkezmek isleýän režissýor Guwanç Baýmedow sahna bezegçisi Çingiz Töräýew bilen bilelikde dürli sahna bezeglerini taýýarlaýar.

Režissýoryň aýtmagyna görä, teatryň esasy binýady dramaturgiýadyr, şonuň üçin ähli döredijilik düzüminiň esasy wezipesi eseriň ruhy ýagdaýyny köpçülige ýetirmekdir.

Täze spektaklyň ilkinji görkezilişiniň mart aýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli bolmagyna garaşylýar.