Ï Eko­lo­gi­ýa au­di­ti ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna degişli maslahat guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eko­lo­gi­ýa au­di­ti ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna degişli maslahat guraldy

view-icon 2702
Eko­lo­gi­ýa au­di­ti ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna degişli maslahat guraldy

ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) Türkmenistanyň 2019-njy ýylda kabul edilen Eko­lo­gi­ýa au­di­ti ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna degişli kanunçylyk namalary ara alyp maslahatlaşmak we işläp düzmek üçin «Tebigy kuwwat» jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde tegelek stol gurady.

Oňa döwlet hem-de hususy gurluşlaryň, raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Luis Riweranyň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistanda ekologik auditorlara baha we sertifikat bermek işini ädimme-ädim kesgitleýän kanunçylyk namany bilelikde işläp düzmek meýilleşdirilýär. Wekilhananyň başlygy USAID-iň döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge ýardam maksatnamasy (GSP) boýunça Türkmenistanyň hökümeti we raýat jemgyýeti guramalary bilen hukuk binýadyny ösdürmek hem ýurtda netijeli daşky gurşaw kadalaryny işläp düzmek üçin hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Bu başlangyç hökümetiň we USAID-iň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem umumy tebigy baýlyklary netijeli dolandyrmak maksatlaryna laýyk gelýär.

Geljekde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen USAID-iň milli hyzmatdaşy bu kanunçylyk namany ara alyp maslahatlaşar we onuň durmuşa geçirilmegine goldaw berer.

Ekologik audit daşky gurşawyň ýagdaýyna gön i ýa-da gytaklaýyn täsiriň möçberini hasaplamak üçin amala aşyrylýan kärhanadaky ähli tehnologik ýagdaýlara garaşsyz baha bermekdir. Ýagny, hünärmenler kärhananyň işleýşine we ekologik ulgama täsirine baha berýärler.