mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlendi

view-icon 1992

Türkmenistanda erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça milli çempionatyň ýeňijileri kesgitlendi. Bäsleşik 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli iki aýlawda geçirildi.

Birinji orny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» topary, ikinji orny Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» topary, üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» topary eýeledi.

Bu ýaryşa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň («Galkynyş»), Türkmen döwlet maliýe institutynyň («Maliýeçi»), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň («Galkan»), Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň («Serhetçi») toparlary-da gatnaşdy.

Türkmenistanyň woleýbol federasiýasy erkekler toparlarynyň arasynda Federasiýa kubogy, zenanlar toparlarynyň arasynda woleýbol çempionaty, woleýbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlary geçirmegi meýilleşdirýär.