Gurluşyk üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki önümleri öndürýän desgalaryň biri Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodydyr.
Bu döwrebap kärhana ýylda bir million tonna dürli görnüşli sement öndürmäge ukyply kuwwatly desgadyr. Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde 2022-nji ýylyň dowamynda 1,1 million tonna ýokary hilli sementiň öndürilendigini, bu görkezijiniň bolsa, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 109 müňe golaý tonna artykdygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Bu ýerde öndürilýän önümler ýurdumyzyň çar künjünde alnyp barylýan gurluşyklara ugradylýar we daşary döwletlere eksport edilýär.
Tamamlanan ýylda hem gurluşyk üçin zerur bolan bu önümiň 55 müň tonna golaýy daşary ýurtly sarp edijilere ugradyly. Önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän bu kärhanada esasy üç ugra – sementiň hiline, tygşytlylygyna we ekologiýasyna aýratyn üns berilýär. Kärhanada portland sementi, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sement öndürilýär. Taýýar bolan sement önümi ýörite geçirijiler arkaly sement ammarlaryna ugradylýar we haltalara gaplanylyp awtoulaglarda, şeýle-de ýük wagonlara guýlup, demir ýol arkaly sarp edijilere ýetirilýär. Önümçiligiň yzygiderligi merkezi dolandyryş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan awtomatiki usulda dolandyrylýar we berk gözegçilikde saklanylýar. Kärhanada önümçilige göýberilýän çig maly, şonuň ýaly-da alynýan her bir önümi hil taýdan barlamak üçin kämil abzallar ornaşdyrylan barlaghanalaryň hereket etmegi önümiň hil derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.
Häzirki wagtda Köýtendag etrabynyň çäginde Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň güýçli depginde dowam etdirilýändigini aýdyp geçmeli. Ýurdumyzyň senagat toplumy üçin möhüm ähmiýete eýe boljak bu ýokary kuwwatly zawodyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Bu gurluşyga 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu ýokary kuwwatly zawodyň gurluşygynda hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekýär. Täze sement zawodynyň önümçilik kuwwaty ýylda bir million tonna deňdir. Häzirki hereket edýän zawodda portland sementiniň S – 400 we S – 500 görnüşleri öndürilýän bolsa, 2-nji tapgyrda guruljak kärhanada has ýokary hilli S – 600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. Zawodda gurluşyk üçin örän möhüm serişdeleriň biri bolan sement önümleri dünýä we döwlet derejesindäki standartlara doly laýyklykda öndüriler. Täze tapgyrda gurulýan kärhanada Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň häzirkizaman enjamlar toplumlary oturdylýar we işler esasan awtomatik usulda alnyp barlar.
Köýtendag sebtiniň dürli gymmatly magdanlara baý bolmaklygy, sement öndürmeklik üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mallaryň känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerde ýerleşmekligi işleri bökdensiz alyp gitmeklige we önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berer. Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp, işe girizilmegi bu ýerde ýokary hilli sementiň öndürilişini iki esse artdyrmaga mümknçilik döreder.