Şu güýzde «Ak durna» hususy kärhanasynyň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän howuz hojalygyna süýji suw balyklarynyň käbir görnüşlerinden 15 tonna kiçijik balyjaklary goýberdi.
Bular, esasan, hususy kärhananyň häzirki zaman inkubatorlaryndan çykarylan, agramy 100 gramdan aşakda bolan ýaş kepir, tüňňi maňlaý we amur balyklarydyr. Indi olar emeli howuzda yzygiderli gözegçilik astynda semremeli.
Söwda balykçylygy bilen meşgullanýan «Ak durna» hususy kärhanasy hem haryt balyklary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Munuň üçin onda ähli zerur mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen bäş sany häzirki zaman inkubatoryny, sekiz howzy, Şabat we Görogly etrabyndaky iki sany howuz hojalygyny öz içine alýar. Olarda satmak üçin ýylda zagara balyk maşgalasynyň azyndan ýigrimi tonnasyny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Kärhananyň hünärmenleri howuzlarda balyk ösdürip ýetişdirilende, suw howdanlarynda kislorodyň elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegine dykgat bilen gözegçilik edýärler, öz wagtynda balyklary iýmitlendirmek we olaryň dürli ýokançlyklarynyň we keselleriniň öňüni almak boýunça iş alyp barmaga, şol sanda howdany batgalaşmakdan we gyrmança basmakdan gorap saklamaga synanyşýarlar.
Tebigy suw howdanlarynda senagat balykçylygy barada aýdylanda bolsa, birnäçe ýyl ozal öňki «Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasyny tender esasynda hususylaşdyran bu kärhana, 29 motorly gaýygy-da goşmak bilen, ýeterlik mukdarda ýöriteleşdirilen enjamlara eýedir.