Ï Ýurdumyzda boljak howa barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada

view-icon 2931
Ýurdumyzda boljak howa barada

Gijelerine – sowuk, gündizlerine – maýyl. Ýaňy başlanan hepdäniň dowamynda ine, şunuň ýaly howa bolar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Şonuň üçin ýurdumyzyň aglaba böleginde howa ýagynsyz açyk bolsa-da, öňki ýaly sowuk bolar. Özi-de onuň iň ýokary temperaturasy +16 dereje belgä ýakynlaşyp biler.

Aşgabatda güneşli gurak howa bolup, howa gündizlerine +1… +3, gijelerine –7…–9 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda termometriň sütünjigi gündizlerine +10 gradusa çenli ýokarlnar. Dynç günleri bulutly howa bolup, güýçli şemal öwüsmegi mümkin.

Ahal welaýatynda, esasan, açyk howa bolar. Howa gündizlerine –2…+3, gijelerine -7...-12 gradus bolar. Hepdäniň ortasyndan howa +14 gradusa çenli maýlar. Gijelerine howa -3 bilen +2 gradus aralygynda bolar.

Balkan welaýatynda güneşli howa bolup, howa gündizlerine +4… +9, gijelerine -5…-10 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howa +16 gradusa çenli maýlar. Dynç günlerine golaý şemally, bulutly howa bolar.

Mary welaýatynda ýagynsyz howa bolar. Howa gündizlerine -3…+2, gijelerine -8…-13 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň gündizki temperaturasy +12 gradus bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolar. Howa gündizlerine –4…+1, gijelerine -10…-15 gradus bolar. Dynç günleri golaýlanda, termometriň sütünjigi +13 gradusa çenli ýokarlanar. 

Daşoguz welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine –4…+1, gijelerine -11… -16 gradus bolar. Dynç günleri howa +8 gradusa çenli maýlar. 

Üns beriň! Öýden çykmazdan ozal, howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň, eliňize ellik, kelläňize başgap geýiň, şeýle hem şarf ulanyň. Giňräk geýimleri we gysmaýan, taýmazak aýakgaplary geýiň.