mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen tennisçisi Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda baýrak aldy

view-icon 2253
Türkmen tennisçisi Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda baýrak aldy

Türkmenistanly ýaş tennisçi Sülgün Işangulyýewa Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal gazandy.

Sülgün bu ýaryşda fransiýaly, bosniýa-gersegowinaly we belgiýaly garşydaşlaryndan üstün çykdy. Bäsleşige jemi 52 ýurtdan 10 – 16 ýaş aralygyndaky türgen gatnaşdy.

Ondan öň türkmen türgeni Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji bolupdy.

“Dubaý Bowl” ýetginjekler tennisinde iň abraýly ýaryş hasaplanýar. Munda her tennisçi dört ýa-da sekiz oýun oýnaýar.