Ï Kerki – Daşoguz – Kerki ugry boýunça uçuş täzeden dikeldilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kerki – Daşoguz – Kerki ugry boýunça uçuş täzeden dikeldilýär

view-icon 6294
Kerki – Daşoguz – Kerki ugry boýunça uçuş täzeden dikeldilýär

2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Halkara howa menziliniň içerki uçuşlaryna käbir üýtgeşmeler giriziler.

Aşgabat – Kerki – Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlar ozalkysy ýaly hepdäniň duşenbe, sişenbe, anna, şenbe hem-de ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Şeýle hem şenbe güni Daşoguz şäherine uçuş ýene-de dikeldiler. Aşgabat – Kerki ugry boýunça uçar hepdäniň şenbe gününden beýleki günlerde öňküsi ýaly sagat 10.00-da badalga alyp, 11.00-da Kerki şäherine gelip gonar.

Kerki şäherinden paýtagtymyz Aşgabat şäherine bolsa uçuşlar 12.00-da amala aşyrylar.

Hepdäniň şenbe güni Aşgabat – Kerki howa gatnawy boýunça uçar sagat 09.50-de göge göteriler we sagat 10.50-de Kerki şäheriniň Halkara howa menziline gelip gonar, Aşgabat şäherine bolsa, şol gün ýolagçylar 16.00-da uçup bilerler.

Her şenbe güni sagat 11.50-de ýolagçy uçary Kerki – Daşoguz ugry boýunça uçuşy amala aşyrar we sagat 13.00-da Daşoguz şäheriniň howa menziline gelip gonar, soňra bu uçar sagat 14.00-da Daşoguzdan Kerki şäherine badalga alar.