Ï Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça brifing geçirildi

view-icon 4819
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça brifing geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahatyny gurnady. Bu çäräni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Çaryýew Meretgeldi alyp bardy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň, HHR-iň we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäherinde ýerleşýän döwlet muzeýleriniň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birifingiň dowamynda alymlar, bilermenler we muzeý işgärleri çykyş etdiler hem-de olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda arheologiki tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzy rejelemekde we gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we bu ugurda tejribe alyşmak boýunça gürrüň etdiler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde, giň halkara gatnaşyklaryny we amatly içerki syýasy ýagdaýy döretmek boýunça alyp barýan syýasaty ylmy barlag işleriniň işjeňleşdirilmegine, bu maksat üçin beýleki ýurtlardan abraýly bilermenleriň getirilmegine ýardam eder.