Ï Bu günki zähmet – geljekki hasyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bu günki zähmet – geljekki hasyl

view-icon 3525
Bu günki zähmet – geljekki hasyl

Daşoguz welaýatynda oba hojalyk öndürijileriniň ýokary hilli pagta tohumy bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Bu işde sebitde ýerleşýän «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalaryna aýratyn orun degişlidir. Ol ýerde häzir geçen ýylky hasylyň orta süýümli görnüşli çig pagtasy gaýtadan işlenilýär. Ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli enjamlaryň bolmagy pudagyň talaplaryna laýyk pagta tohumlaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Ýerli kärhanalarda pagta tohumyny taýýarlamak – olary haşal garyndylardan arassalamak, sortlamak, dermanlamak, çekip goýmak we haltalara gaplamak ýaly amallary öz içine alýar.

Köneürgenç etrabynda ýerleşýän tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän zawod üpürjiksiz tohumlary öndürýän esasy kärhanadyr. Birbada 10 müň tonna çig pagtany saklamaga ukyply pagta kabul ediş terminallary bolan bu zawod ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtayny işleýär. Ol tohumlary innowasion usul bilen ikilenç arassalaýan öňdebaryjy tehologiýany ulanýar. Bu bolsa ekiş üçin ýokary hilli tohumlary taýýarlamak işini ep-esli gowulandyrýar we ekin meýdanlarynyň her gektaryna sarp edilýän pagta tohumynyň mukdaryny birnäçe esse tygşytlaýar.

Bu ýyl birleşigiň kärhanalary, işe has-da jogapkärçilikli çemeleşip, tohum üçin niýetlenen çig pagtany gaýtadan işlemek boýunça üznüksiz önümçilik işini alyp barýarlar. Birleşigiň hünärmenleri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge we geljekki hasyly ýerli howa şertlerinde oňat gögerijiligi, kesele garşy durnuklylygy, ýokary hasyllylygy bilen üpjün edip biljek zerur tohum görnüşlerini öz wagtynda taýýarlamak ugrunda kyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.