Ï Türkmen işewürlik başlangyçlary oba hojalygy we azyk önümçiligi pudagyndaky innowasiýalar bäsleşigine gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen işewürlik başlangyçlary oba hojalygy we azyk önümçiligi pudagyndaky innowasiýalar bäsleşigine gatnaşarlar

view-icon 4720
Türkmen işewürlik başlangyçlary oba hojalygy we azyk önümçiligi pudagyndaky innowasiýalar bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanda oba hojalygy pudagyndaky işewürlik başlangyç kärhanalarynyň wekilleri oba hojalygy we azyk önümçiligi AgVenture pudagynda innowasiýa tehnologiýalarynyň bäsleşigine gatnaşmaga çagyryldy. Bu bäsleşik Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) tarapyndan yglan edildi.

Bäsleşik dünýäniň azyk ulgamlarynyň gabat gelýän kynçylyklarda - azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çözgütleri tapmak arkaly oba hojalygynyň we azyk senagatynyň ösüşini höweslendirmäge niýetlenendir. Şeýle hem ol kiçi kärhanalary we maksatlaýyn toparlary ählumumy önümçilik-ýerleşdiriş ulgamyna çekmäge we bazardaky bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şu üç ugur boýunça ýöriteleşen innowasion tehnologiýa kärhanalary bäsleşige gatnaşmaga talapnama berip bilerler:

– azyk önümleri, ilkinji önümçilik we netijelilik; şol sanda ilkinji ýa-da azyk önümçiligini gowulandyrýan we azyk howpsuzlygy meselelerini çözýän sanly çözgütler;

– howanyň durnuklylygy ýa-da azyk, suw we oba hojalygynyň galyndylary bilen baglanyşykly çeşmeleriň netijeliligini goşmak bilen oba hojalygy pudagyny ýaşyllaşdyrmak;

– baha döretmek zynjyryna goşulmagyny gowulandyrmak. Bu ugur kompaniýalary zynjyra birleşmegini, bahalaryň döredilmegini we zenanlar, oba ilaty, oba hojalygynda zähmet çekýän ýaşlar üçin ykdysady mümkinçilikleriň döredilmegini öz içine alýar.

Arzalar şu salgy boýunça 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli kabul edilýär.

Işewürlik başlangyçlaryň telekeçilik ugrundan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly däl.

Ýeňiş gazanan işewürlik başlangyçlary aprel aýynyň ahyrynda yglan ediler. ÝDÖB-niň ýörite tejribesi, grantlary, şeýle hem işewürlik ulgamlaryny anyklaýyş maslahatlaryna we beýleki halypalyk sapaklaryna gatnaşmak mümkinçiligi arkaly özbaşdak maslahat goldawyny alýarlar.