Ï Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

view-icon 4445

Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky başlangyjy beýan edildi. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy öz perzentlerini tutuş durky bilen söýýän enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler mätäçlik çekýänlere hemişe goldaw beren paýhasly pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň mynasyp derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň ozal hem iberilendigini bellemek gerek. Munuň özi doganlyk ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr. Kyn günde hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Munuň özi ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Bu kömek köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Bu bolsa umumy taryhy, däp-dessury bolan halklaryň birek-birege hoşniýetli gatnaşygynyň nobatdaky beýanydyr.

Hoşniýetlilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik ýörelgeleridir. Biziň halkymyz goldawa mätäçlere, ejir çekýänlere hemaýat bermäge we duýgudaşlyk bildirmäge hemişe taýýardyr hem-de türk halkynyň güýçli ýertitremä sezewar bolandygy baradaky habary eşiden dessine oňa seslendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan güýçli ýertitremede ejir çeken çagalara, olaryň maşgalalaryna kömek-goldawyň iberilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ynsanperwer ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň özi ýurdumyzyň şunuň ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, doganlyk ýurt üçin kyn pursatlarda kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkiýe Respublikasynyň çagalary üçin niýetlenen ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri doganlyk ýurda ugratmak boýunça taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşildi. Ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur bolan ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri, şeýle-de azyk önümleri ýüklenilen uçar doganlyk ýurda tarap ugur aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegi bermek baradaky çözgüdi kabul etmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny aňladýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklary özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär.

Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň subutnamasydyr.