Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Rahman we Dilber Omarowlaryň suratdyr keramiki eserleriniň sergisi açyldy.

Rahman Omarow bu Sergi merkezinde ilkinji gezek 25 ýyl mundan ozal «Durmuş çarhy» atly suratyny görkezdi. Şondan bäri Omarowyň her sergä gatnaşmagy tomaşaçylar üçin ýakymly waka bolmagyna galýar. Bu gezek nakgaş 50 töweregi işini hödürledi. Olaryň arasynda tomaşaçylaryň halan tanyş suratlary-da, täzeleri-de bar.

Rahmanyň soňky işleriniň biri «Üç, dört, bäş, men gözlege çykýan» diýlip atlandyrylypdyr.

Sergide görkezilen işleriň merkezinde «Enäniň portreti» ýerleşýär.

Suratkeşiň aýalynyň portretiniň beýany – gyzykly. Dilber gaňrylyp, tomaşaçylara buýsanç bilen seredýär. Rahmanyň suratlarynyň köpüsinde gizlin many bar – taryhy, watançylykly, köplenç simwolizm ulanylypdyr. Ýöne suratkeşiň özi özüni realist hasaplaýar. Hatda, bir göz bilen köp reňkli tegmilleri şekillendirýän «Gahryman» suratynyň ýanynda duranda-da, munuň abstraksiýa däl-de, ussahana goňşusynyň ýasan, soň ýagşyň astynda galan heýkeliniň hakyky keşbi bolandygyny öňe sürýär.

Dilber Omarowa özüniň kiçi terrakota heýkellerini ilkinji gezek 2008-nji ýylda adamsynyň 40 ýaş toýunda sergi merkezinde görkezdi. Onuň işleri-de uly üstünlik gazandy, özüne çekiji obalylaryň terrakota heýkeljikleri sergä gelenleri ýesir etdi diýen ýaly. Dilberdir Rahman Daşkendiň teatr we sungat institutynyň (häzirki Özbegistan döwlet sungat institutyň) uçurymlarydyr. Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungatşynaslyk bölüminiň müdiri Aýjan Kadyrowanyň belleýşi ýaly, bu suratkeşler dürli ugurlarda işleýärler, ýöne olary döredýän eserlerindäki sazlaşyk golaýlaşdyrýar. Olaryň döreden zatlarynyň hemmesi-de durmuşdan alnan hakykat, oýlanyp tapylan zat däl.

Adamsy ýaly, Dilberiňem elmydama elinde galam bar. Onuň terakotta heýkeljikleri obalylaryň durmuşyndan dürli ýordumlarda ýakymly keşpleri görkezýär. «Durnalar», «Goňşular», «Maşgala», «Kerwen», «Bazardan», «Eneler», «Doganlar», «Dostlar» we beýleki işler tomaşaçylara ilkinji gezek hödürlendi. Ýene-de sergä gelenler ýakymly ýaşulylar, naşyja çagalar, geplemsek aýallar, köşekler we maýalar bilen höwes bilen tanyşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Suratkeşler birleşiginiň köp suratkeşi gatnaşdy: şonda bu zehinli maşgalanyň döredijiligine ussat hünärmenleriň aýratyn üns berýändigi duýulýardy.



