Ï Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

view-icon 5169
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Şu gün Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Dabaranyň köp sanly myhmanlaryny muzeýiň öňündäki meýdançada teatr artistleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary garşyladylar. Olaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde ak öýler gurnaldy, oba hojalyk önümleriniň, amaly-haşam sungaty eserleriniň, suratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, dürli edara-kärhanalardan önümçiligiň öňdebaryjylary, oba zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen ýylyň başynda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň netijeleri 10-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

Däp bolan bäsleşigiň netijelerini jemleýän ýörite topar Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça ýylyň dowamynda gazanylan görkezijilerden ugur aldy. Ýeňijini kesgitlemekde durmuş ugurly meseleleriň çözülişine, şol sanda iş orunlary bilen üpjün etmek, medeni dynç alşy guramak, ekologik abadançylygy goramak, hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerine uly ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy diýlip yglan edilen etrabyň ilatyna iberen Gutlagynda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýurdumyzyň ähli welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri mynasyp goşant goşýar” diýlip bellenilýär. Bu babatda Magtymguly etrabynyň görkezijileri nusgalykdyr. Bu ýerde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri döretmek we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, senagat, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýän günlerde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň dogduk mekanynyň şeýle abraýly derejä eýe bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Ýygnananlar Magtymguly etrabynyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine etrabyň zähmetkeşleriniň goşan goşandyna ýokary baha berlendigi, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz aladasy hem-de sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini kemala getirmek işlerine ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Dabara tamamlanandan soňra, baýramçylyk konserti boldy.