Ï Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

view-icon 6618
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Eýranly önüm öndürijileriň sergisi iki goňşy ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki nobatdaky ädim bolup, geljegi uly birnäçe ugurlara täze itergi berdi. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi.

Ýurdumyzyň halkara işewürlik gatnaşyklarynyň, şol sanda Eýran bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, milli senagata dünýäniň iň ösen tejribesiniň, öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, maýa goýumlaryň çekilmegini üpjün edip, önüm öndürijiler üçin daşarky bazarlara çykmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Bagşy-sazandalar toparynyň ýerine ýetirmegindäki çykyş çäräniň toý dabarasyny artdyrdy. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze itergi berilýändigi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi bellenilýär. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýär.

Eýran Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. “Soňky ýyllarda bar bolan mümkinçilikleri ulanmakda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy söwda-ykdysady ugurdaky türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edýär we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrýar, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine giň ýol açýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň kooperasiýa, zähmet we durmuş üpjünçiligi ministri Sowlat Mortazawi dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Ol iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, aýratyn-da, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny hemişe nygtaýandyklaryny hem-de dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge syýasy taýdan tagalla edýändiklerini nygtady.

Eýranyň we Türkmenistanyň ulag ulgamynda giň mümkinçilikleri, infrastrukturanyň kuwwatlyklarynyň artmagy, demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüniň ýetirilmegi üstaşyr ugurlaryň döredilmegine ýardam etdi. Eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn sebit gatnaşyklarynyň geljegi barada aýdyp, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, aýratyn-da, üstaşyr geçirmek, energetika we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şeýle ykdysady sergileriň geçirilmegi bolsa iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Köptaraply iri serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazananlary ulanýan EYR-nyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzüp, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide keramiki kafelleri, otaglaryň diwarlaryny hem-de ýeri örtmäge niýetlenen önümleri öndüriji «Firoozeh Tile Co.» kompaniýasy, polietilen we polistirol öndürýän «Mazeroon foam knowledge-based Ghaem Co.» kompaniýasy önümlerini ilkinji gezek görkezdiler. «Palmiran Co.» kompaniýasynyň diwarlygy hem Türkmenistandaky bu çärä ilkinji gezek gatnaşyp, türkmen paýtagtyndaky sergide bu ýere gelenleri önümleriniň köpdürlüligi bilen haýran galdyrdy.

Sergi meýdançasynyň bir bölegini gurluşyk senagatynda, ýyladyjy we sowadyjy ulgamlar üçin senagat enjamlarynyň önümçiliginde, guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynda, azyk pudagynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň kärhanalarynda işleýän iri firmalar eýeleýär. Köp sanly bölümlerde nebitgaz, elektroenergetika, ýol-ulag pudaklary, himiýa senagaty, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň hem-de tehnikalaryň nusgalary, şekil taslamalary ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda «Jam Petrochemical Company», «Kimiagaran Emrooz Chemical Industries Co.», «Persian Gulf Petrochemical Industry Commercial Co.» we beýlekiler bar.

Eýranyň «Iran Khodro», şeýle hem «Tavan Energy Resources Development» konsorsiumynyň iri öndürijileri awtomobil gurluşygy ulgamynyň kuwwatlyklaryny görkezýärler. «Adrian Shimi Arvand Co.», «Aria Baron», «Arman Sazeh Alamot», «Azar Rokesh» kompaniýalarynyň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Olarda bezeg, gurluşyk serişdeleri, dürli beýleki önümler görkezildi.

Sergä gelýänler Eýranyň dokma önümleri we azyk harytlary bilen hem tanşyp bilerler. Hil we ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlaryň hem-de önümleriň köpüsi türkmen bazarynda ýokary öndürijiligi, tygşytlylygy, giň görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Tok paýlaýjylary, yşyklandyryjylary, elektrik enjamlary öndürýän «Bafeh Sim Golestan», «Hesam Sanat Shargh» kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

«Razavi Hospital» kompaniýasy lukmançylyk ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýär. «Goldaneh Sahra», «Kianshargh» kompaniýalarynyň sergi bölümleri bu ýere gelýän myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar guşlar we mallar üçin iým önümçiligi bilen meşgullanýarlar.

Şeýle hem sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandyny goşýan “Saderat Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köp sanly adamlar onuň bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.