Ï Hünärmenler ünsi Merkezi Aziýa sebitiniň suw gorlarynda jemleýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärmenler ünsi Merkezi Aziýa sebitiniň suw gorlarynda jemleýärler

view-icon 4436
Hünärmenler ünsi Merkezi Aziýa sebitiniň suw gorlarynda jemleýärler

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň serhetýaka suw zoloklaryna gözegçilik, synlamak we maglumat alyşmak boýunça sebitleýin maslahat geçirildi. Halkara suw çeşmelerine synlama merkezi (IWAC) bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň maliýe goldawy bilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» maksatnamasynyň çäginde geçirilen bu maslahatyň guramaçysy boldy.

Bu maslahata Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan hünärmenler gatnaşdy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmeni N.Baýramow, «Türkmensuwtaslama» institutynyň işgäri A.Töräýew we Balkan welaýatynyň gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň başlygy A.Bazarow dagy ýurdumyza, Halkara guramalara Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň maksatnamasynyň ýolbaşçysy K.Milou we Ýewropa ykdysady komissiýasynyň daşky gurşaw boýunça işgäri Ýu.Trombiskaýa wekilçilik etdi.

Ýöriteleşdirilen mejlislerde hünärmenler Merkezi Aziýada gidrologik gözegçilik we suwuň hilini kadalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, sebitiň serhetýaka suw zolagy boýunça maglumat alyşdylar, ýüze çykýan meseleler boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler.

Maslahatda ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmeni N.Baýramow Türkmenistanyň suw gorlary barada çykyş etdi. Öz gezeginde, ol biziň ýurdumyzda suw gorlarynyň gidrologik gözegçiligine aýratyn üns berilýändigini belledi. Hünärmenler gysga we uzak möhletli çaklamalar düzýärler. Şeýle hem, olar özbegistanly, täjigistanly, gazagystanly we russiýaly hünärmenler bilen ikitaraplaýyn şertnamalar esasynda gidrologik maglumatlary yzygiderli alyşýandygyny nygtady.

Maslahatdan soň, öňdebaryjy hünärmenler suw gorlarynyň gözegçiligine jogapkär hünärmenleriň işiniň ileri tutulmaly ugurlaryny we bu ugurda has ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyny görkezýän jemleýji resminamany biragyzdan kabul etdiler.