Ï Türkmen alymlary çapuw ýodalarynyň örtükleri üçin täze önüm öndürmekligiň tehnologiýasyny taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary çapuw ýodalarynyň örtükleri üçin täze önüm öndürmekligiň tehnologiýasyny taýýarlaýarlar

view-icon 5113
Türkmen alymlary çapuw ýodalarynyň örtükleri üçin täze önüm öndürmekligiň tehnologiýasyny taýýarlaýarlar

Türkmenistan ady rowaýata öwrülen ahalteke atlarynyň Watany bolup, ýurdumyzyň atçylygynyň ösüşi, tohum arassalygyny gorap saklamak, atly sportuň dürli görnüşlerini we dünýäde türkmen seýisçilik sungatyny öwrenmek milli buýsanjymyz bolup durýar.

Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek babatda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakyndaky Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany hem aýdylanlary subut edýär. Mundan başga-da şu ýylda 600 sany ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň atçylygyň ykrar edilen dünýä merkezi hökmünde halkara derejesini has-da berkidýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri hem bu köptaraply işe öz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Olar ýerli çig maldan häzirki zaman çapuw ýodalarynyň örtükleri üçin ulanylýan önümi öndürmekligiň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. 

Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda Mäne käninden alnan kwars çägesini ilki bilen döwüjiden geçirip, ezilen ýagdaýa getirýärler.

Soňra ezilen kwars çägesi belli bir ululykdaky eleklerden geçirilýär we hapalaryny aýyrmak üçin ýuwup, arassalanýar. 

Ýuwulan we arassalanan kwars çägesi belli bir gyzgynlykda peçde guradylýar.

Indiki tapgyrda baýlaşdyrylan kwars çägesi geotekstil doldurgyjy bilen garylýar.

Kwars çägesi bilen geotekstiliň birleşmesi örtük ýagdaýyna getirilende atyň saglygyna peýdaly täsir edýär.

Alymlar tarapyndan taýýarlanan önümi öndürmek üçin ýuwulan kwars çägesini almak tehnologiýasynyň ylmy esaslandyrylmasy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gazbeton öndürýän zawodynyň hünärmenlerine tabşyryldy.

Häzirki wagtda täze maddalary sintez etmek üçin tehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri önümçilik üçin tehniki şertleri we tehnologiki düzgünleri taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň alymlary tarapyndan amala aşyrylan işler täze atçylyk sport toplumlary gurlanda we welaýatlaryň aýlawlarynda abadanlaşdyryş işleri geçirilende daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hem-de serişdeleri tygşytlamakda uly ähmiýete eýedir.

Suratda täze materialyň üstünde işleýän ýaş alym Döwlet Gurbannazarow.