Ï Çäklendirilmedik internet üçin täze nyrhnamalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çäklendirilmedik internet üçin täze nyrhnamalar

view-icon 5740
Çäklendirilmedik internet üçin täze nyrhnamalar

Şu ýylyň 1-nji martyndan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ öz müşderilerine Internet hyzmatlaryna birikmegiň tizligini ýokarlandyrmak, şeýle hem degişli nyrhlary arzanlatmak boýunça amatly şertleri teklip edýär. Bu barada AŞTU-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Indi 150 Kb/s tizlikli we aýda 150 manat tölegli Internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler nyrhyň bahasyny üýtgemezden göni 1 Mb/s tizlikli Internete geçerler.

Aýda 200 manat töläp, 2 Mb/s tizlikli Internet ulanýan müşderiler indi aýda öňki 2 Mb / s tizlikli Internet hyzmatlary üçin göni 180 manat tölege geçerler.

Täze nyrhnamalara laýyklykda aýda internet hyzmatynyň nyrhy:

1 Mbit / s - 150 manat;

2 Mbit / s - 180 manat;

4 Mbit / s - 230 manat;

6 Mbit / s - 280 manat bolar.

Häzirki wagtda hereket edýän nyrh meýilnamasyny üýtgetmek isleýän müşderilerden arzalar kabul edilýär.

«Turkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtynda 4 we 6 Mbit / s tizlikli Internetden peýdalanýan şahsy taraplary üçin çäklendirilmedik Internet hyzmatlaryna täze nyrhnamalar, şeýle hem Internet hyzmatlaryna nyrhlaryň arzanlandygy barada habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 512 Kbit / s tizlikli Internetden peýdalanýanlar göni 1 Mbit / s tizlikli Internete geçiriler.

Öý üçin çäklendirilmedik internetiň täze nyrhy:

1 Mbit / s - 150 manat;

2 Mbit / s - 180 manat;

4 Mbit / s - 230 manat;

6 Mbit / s - 280 manat bolar.