Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

view-icon 5624
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Diplomatlar ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibi, Owganystandaky häzirki ýagdaý we owganlaryň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek boýunça köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisidigini aýtdy.

Taraplar, şeýle hem, «C5+1» formatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şeýle-de Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.