Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi

view-icon 7180
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi

Şu ýylyň fewral aýynyň 27-sinden mart aýynyň 5-i aralygynda «Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi.

Hepdeligiň çäginde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar we akyl-paýhas bäsleşikleri geçirildi.

Nemes diliniň hepdeligiň ýapylyş dabarasynda bu hünär boýunça bilim alýan talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy.

Şeýle dabaralar talyplarymyzyň daşary ýurt dili biliminiň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de nemes medeniýetine çuňňur aralaşmaga ýardam edýär.

Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.