Ï Bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 4355
Bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär

Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň babadaýhanlary hem mukaddes topraga göreldeli hyzmat edip, bitginli hasyly kemala getirmek ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýylyň-ýylyna bugdaýdan bol hasyl alyp, halkymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa, azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige mynasyp zähmet goşantlaryny goşýarlar.

Şu günlerde hem Günbatar sebitiň ekin dolanyşygyndaky ýerlerde geçen ýyl ekilen, oňat gögeriş alnan güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýatda bugdaýa ideg etmek, oňa ösüş suwuny tutmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin goşmaça mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri degişli agrotehniki möhletlerde üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda ak bugdaýyň, “ak altynyň” öndürilişi ýylsaýyn artýar. Şeýlelikde, welaýat bu gün diňe bir öz gallasy, pagtasy däl, eýsem özümizde öndürilýän bereketli önümler, dürli naz-nygmatlar bilen özüni doly üpjün edýär.

Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalykçylary 2023-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar ýerden bol hasyl aljakdyklaryna pugta ynanýarlar. Hut şonuň üçinem welaýatyň kärendeçi daýhanlary, mülkdarlarydyr ýer eýeleri baharyň jana şypaly, häzirki hoştap günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyarlar. Welaýatyň Bereket, Serdar, Magtymguly, Esenguly, Etrek etraplaryndaky daýhan birleşikleriniň, hojalyklarynyň ekerançylary aýratyn netijelilik görkezýärler.

Möhüm çäräni agrotehniki möhletlerde şowly geçirmek üçin welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky kärhanalarynyň ýörite derman pürküji tehnikalary saz we bökdençsiz işledilýär.