Ï Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşdy

view-icon 3990
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özarabähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi. Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy bar bolan ikitaraplaýyn formatlaryň çäklerinde ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada hem bellediler. Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň iýunynda kabul edilen hem-de sebitde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik esasyny üpjün edýän Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň ähmiýetini hem nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.