Ï Ispaniýa Patyşlygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ispaniýa Patyşlygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler

view-icon 6421
Ispaniýa Patyşlygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýudumyzda we daşary ýurt döwletlerinde çäreler geçirilýär. Meýilnama laýyklykda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň wekilleri 2023-nji ýylyň mart aýynyň 9-17-si aralygynda Ispaniýa Patyşalygyna is saparyna ugradyldy.

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Granada şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Döredijilik agşamynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we ispan alymlarynyň billeikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Çäräniň çäginde Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy.

2023-nji ýylyň 11-nji martynda Ispaniýa Patyşalygynyň Granada şäherinde türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi. Ispaniýa Patyşalygynyň Ylym we innowasiýalar ministrligi, dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Granada uniwersiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu dabaralarda gündogary öwreniji ispan alymlary, edebiýat we medeniýet işgärleri, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleri, sanly ulgam arkaly arheolog alymlar gatnaşdylar.

2023-nji ýylyň 13-nji martynda Granada şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny ispan diline terjime eden, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyň eýeleri – Ispaniýa Patyşalygynyň Granada uniwersitetiniň professory we terjimeçisi Helga Dorosea Kors Kegeliň guramagynda edebiýat agşamy geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň iş sapary dowam edýär we Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şaherindäki türki we arap dilli golýazmalar merkezlerinde saklanýan golýazma kitaplary bilen tanyşmak meýilleşdirilýär.