Ï Bilimiň hukuk binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimiň hukuk binýady

view-icon 3805

Berkarar döwletiň täze eýyamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu hukuknamalaryň raýatlarymyzyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek, goramak hem-de bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi, ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýaly esasy wezipeleri bardyr.

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilim ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini tassyklaýar. Agzalan Kanunyň bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Täze kabul edilen Kanunyň 1-nji maddasynda: “Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilim kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş neslini terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr” diýilip kesgitlenýär.

Kanunyň 9-njy maddasynda bilimiň derejeleri kesgitli beýan edilýär. Umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň mekdebe çenli bilim, umumy orta bilim, başlangyç bilim, esasy orta bilim, doly orta bilim ýaly derejeleri bellenilýär.

Hünär bilimiň maksatnamalary boýunça bilimiň hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, hünärmen, bakalawr, magistr maksatnamalary, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi derejesi ýaly derejeleri bellenilýär. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmekde döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýedir.

Kanunyň 12-nji maddasynda okaýanlaryň toparlary kesgitlenýär. Okaýanlara bilim maksatnamasyna, okatmagyň görnüşine, bilim edarasynda bolmagyň düzgünine görä şular degişlidir:

- terbiýelenýänler - mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalar hem-de şol bir wagtda bilim edarasynda ýaşamagy ýa-da bolmagy bilen umumybilim maksatnamasyny özleşdirýän çagalar;

- okuwçylar - başlangyç esasy orta we doly orta bilim, şeýle-hem mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalaryny, şonuň ýaly-da umumy bilim edaralarynda hünär-tehniki bilim maksatnamasyny özleşdirýän çagalar;

- talyplar - orta hünär, ýokary hünär, şeýle hem hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýänler;

- diňleýjiler - işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň, şeýle hem hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýänler;

- eksternler - umumybilim maksatnamalary boýunça sepgit we jemleýji döwlet synagyndan geçmek üçin umumybilim edarasyna kabul edilen adamlar degişlidir.

Kanunyň 9-njy babynda raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilişiniň durmuş taýdan kepillendirmeleri berýän edilýär. Bu bapda okaýanlaryň hukuklary we durmuş taýdan goldanylmagy, okaýanlaryň durmuşyny we saglygyny goramak, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň bilim babatdaky hukuklary we borçlary kesgitlenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, ylymly bolmagyna gönükdirilen giň möçberli işler olaryň bilime bolan höwesini has-da artdyrýar.