Ï Kämil tehnologiýalar, ýokary netijeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil tehnologiýalar, ýokary netijeler

view-icon 3747
Kämil tehnologiýalar, ýokary netijeler

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemeklige niýetlenen, häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen fabrikleriň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtany täzeden işlemeklige niýetlenen şeýle fabrikleriň Lebap welaýatynda hem ençemesi hereket edýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigi hem şeýle kärhanalaryň biridir.

Germaniýa we Şweýsariýa döwletlerinden getirilen kämil enjamlar oturdylan bu fabrikde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde geçen ýylda nah pagta ýüplüginiň 14, 17, 20, 27, 34 belgili görnüşleriniň 5 müň 90 tonnasy öndürilipdir.

Fabrikde taýýar önümleri ýerlemek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Tamamlanan ýylyň dowamynda nah pagta ýüplüginiň iki ýarym müň tonna golaýy içerki, iki müň tonnadan gowragy hem daşarky bazarlara ugradyldy. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli nah ýüplükleri Turkiýe, Russiýa federasiýasy ýaly döwletlere eksport edilýär.

Kärhanada döwrebap tehnologiýadan kämil derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekýär. Fabrikde “Halypa – şägirtlik” däbiniň ýola goýulmagy bu ýerde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň çylşyrymly tehnologiýany çalt we ýokary derejede öwrenmeklerine mümkinçilik berýär.

Kärhanada kämil barlaghananyň hereket etmekligi önümleriň hil derejesiniň ýokary bolmagyna, şonuň üçin hem taýýar önümlere alyjylaryň islegleriniň artmagyna ýardam edýär. Welaýatyň çäginde ýerleşýän ugrybir kärhanalaryň arasynda iň baýry kärhana hasaplanýan Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigiň 2023-nji ýyla hem yhlasly gadam basandyklaryny ýylyň başky iki aýynyň netijeleri aýdyň subut edýär.