Ï Türkmen dzýudoçysy Italiýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen dzýudoçysy Italiýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

view-icon 3502
Türkmen dzýudoçysy Italiýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

Rimde (Italiýa) tamamlanan Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow kümüş medala mynasyp boldy.

Iki gün dowam eden ýaryşa 34 ýurtdan 381 türgen (220 erkek we 161 zenan) gatnaşdy.

Türkmenistanyň toparyna 16 dzýudoçy (11 erkek we 5 zenan) wekilçilik etdi.

Serdar Rahymow 66 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe bolup, bu agramda 17 ýurtdan 37 dzýudoçy baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby münbere çenli ýolda dört ýeňiş gazandy. Tutluşyklaryň ählisinde-de ipon bilen (arassa) ýeňdi.

Ilkinji tutluşykda ildeşimiz 2022-nji ýyldaky Panamerika-2022 açyk çempionatynda kümüş medal eýelän Kanadadan 23 ýaşly Žulýen Fraskadordan rüstem geldi. Soň bolsa 51-nji sekuntda Rigada geçirilen 2022-nji ýyldaky Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi, latwiýaly Entoni De Anjelisden üstün çykdy.

Çärýek finalda Serdar Rahymow 2021-nji ýylda Dubrownikde (Horwatiýa) geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi Beýik britaniýaly Aleksandr Şorty utdy. Ýarym finalda 2022-nji ýylda Malagadada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda we Rimde geçirilen şu ýaryşda bürünç medal eýelän 24 ýaşly italiýaly Luka Kajianony 18 sekuntda ýeňdi. Aýgytlaýjy, çekeleşikli tutluşykda bolsa Saraýewoda 2022-nji ýylda geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýelän Beýik britaniýaly Çarli Ýangdan iki «wasari» zerarly asgyn gelip, netijede kümüş medala eýe boldy.

Bu türkmenistanly 18 ýaşly birinji sport derejeli türgeniň halkara ýaryşyndaky ilkinji uly üstünligidir. Ondan öň S.Rahymowyň gazanan iň gowy netijeleri -- 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Portugaliýada geçirilen Gran Pri ýaryşynda we 2022-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen Yslam raýdaşlygy V oýunlarynda 5-nji orun bolupdy.

Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär. Bu Ýewropanyň açyk çempionatlarynda türkmen türgenleriniň ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýyl Hekim Agamämmedow ( 66 kilograma çenli) we Hakberdi Jumaýew (60 kg çenli) Awstriýanyň Oberwart şäherinde altyn medal gazanypdylar, bu ýyl bolsa olar Sofiýada (Bolgariýa) we Warşawada (Polşa) geçirilen ýaryşlarda bürünç medala mynasyp boldular.