Ï Türkmen alymlary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasyny Russiýadan getirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasyny Russiýadan getirdiler

view-icon 5913
Türkmen alymlary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasyny Russiýadan getirdiler

Filosof-şahyr, türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemäge taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde boldular. Olar Russiýanyň kitaphanalarynda hem-de golýazma gorlarynda saklanylýan türkmen halkynyň edebiýaty we taryhy boýunça çeşmeler bilen tanyşdylar. «Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri» bölüminiň müdiri G. Muhammedowyň we «Tekstologiýa we medeni miras» bölüminiň esasy ylmy işgäri O. Gurbanowyň saparynyň baş maksady golýazmalary, mikrofilmleri we eserleriň elektron nusgalaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky taryhy maglumatlary gözlemek boldy. Moskwada we Sankt-Peterburgda türkmen alymlary tanymal rus alymlary - taryhçylar we gündogarşynaslar, kitaphana we muzeý hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

Russiýanyň paýtagtynda türkmenistanly alymlar Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň esasy ylmy işgäri T.A. Anikeýewa bilen duşuşdylar we institutda saklanýan golýazmalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem ýurduň iň uly medeni-magaryf merkezi bolan Gündogar döwlet muzeýine baryp gördüler, onuň gorlarynda Merkezi Aziýanyň sungatyna we çeper medeniýetine degişli ýadygärlikleriň ençemesi bar, bu ýerde olar gündogary öwreniji tanymal taryhçy, RYA-nyň professory I. V. Zaýsew bilen duşuşdylar.

Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogaryň ýazuw ýadygärliklerini toplumlaýyn öwrenmek ulgamynda ylmy-barlag instituty bolan Gündogaryň golýazmalary institutynyň golýazmalar ýygyndysy bilen tanyşdylar, şeýle hem Russiýanyň Milli kitaphanasynda, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň gündogary öwreniş fakultetiniň kitaphanasynda, RYA-nyň maddy medeniýet taryhy institutynda, Diniň taryhy döwlet muzeýinde saklanylýan golýazmalary öwrendiler. Şeýle hem Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň Kawkaz, Orta Aziýa we Gazagystan bölüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar, bu ýerde türkmen alymlary muzeýiň türkmen taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Ylmy-döredijilik sapary netijesinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasy, şeýle hem türkmen edebiýaty we taryhy bilen baglanyşykly golýazmalar ýurdumyza getirildi.

Ogulgözel Rejebowa