Ï GDA-dan synçylar topary Daşoguz welaýatyna baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-dan synçylar topary Daşoguz welaýatyna baryp gördi

view-icon 2509
GDA-dan synçylar topary Daşoguz welaýatyna baryp gördi

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine uzak möhletleýin gözegçiligiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy gatnaşyjy döwletlerinden synçylar topary Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldular.

Toparyň agzalary saýlaw nokatlarynyň işi barada maglumat aldylar we olaryň esasy saýlaw gününe taýýarlygyna baha berdiler. Olar saýlaw komissiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik geçirdiler, komissiýa agzalary-da, işiň guralyşy barada, saýlaw bölümçelerinde deslapky ses berişligiň we esasy saýlaw güni ses bermegiň nähili geçiriljekdigi barada maglumat berdiler.

Saparyň netijesinde GDA-dan synçylar topary saýlaw gününe taýýarlygyň ýokarydygyny, saýlaw komissiýalarynyň agzalarynyň ýokary hünär derejesini bellediler, şeýle hem saýlaw bölümçeleriniň zerur enjamlary we usuly edebiýat bilen üpjünçilik derejesine baha berdiler.