Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara internet Olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba almagyny dowam etdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara internet Olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba almagyny dowam etdirýär

view-icon 6978
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara internet Olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba almagyny dowam etdirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 12-nji aprelde we 16-njy maýda geçiriljek makroykdysadyýet we dünýä ykdysadyýeti boýunça açyk halkara internet Olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba almagyny dowam etdirýär.

Olimpiadalara gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar hem-de her ýokary okuw mekdebinden jemi dört talyp gatnaşyp biler. Olimpiadalaryň ikisi-de üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Bäsleşikleriň netijelerine görä, I, II we III orunlar iň köp utuk gazanan talyplara berler.

Olimpiadalara gatnaşmak isleýän talyplar baradaky maglumatlar tsiem.olymp@gmail.com, charysha@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk komitetine iberilmelidir. Makroykdysadyýet boýunça Olimpiada gatnaşjaklar baradaky maglumatlar şu ýylyň 25-nji martyna, dünýä ykdysadyýeti boýunça gatnaşjaklar bolsa 25-nji apreline çenli kabul ediler. Maglumatlaryň doldurylyş nusgasy guramaçy okuw mekdebiň resmi saýtynyň Habarlar we çäreler/Açyk halkara internet olimpiadasy bölüminde ýerleşdirilipdir. Bu ýerde Olimpiadalar geçirilýän wagtynda gatnaşýanlar üçin düzgünler bilen hem tanşyp bolýar.

Goşmaça maglumatlary +993 12 48 62 87, +993 65 80 45 36, +993 12 48 62 86, +993 65 71 09 49 belgilere jaň edip, telefon arkaly, şeýle hem ýokarda görkezilen e-poçta salgylaryndan alyp bilersiňiz.

Olimpiadalaryň guramaçylary olaryň özara peýdaly ylmy we amaly bilimleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler döretjekdigine ynanýarlar. Şeýle hem, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň ylmy merkezleriniň we daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda ylym-bilim we dostluk gatnaşyklary babatynda halkara hyzmatdaşlygyň güýçlenmegine, giňelmegine we baýlaşmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.