Ï Maksat Atabaýew altynjy gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maksat Atabaýew altynjy gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy

view-icon 3659
Maksat Atabaýew altynjy gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy

Maksat Atabaýew küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Aşgabatly 28 ýaşly halkara grossmeýster bu üstünlige paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde tamamlanan ýokary liganyň ýaryşynda ýeňiş gazanmak bilen ýetdi. Ýaryş iki hepdäniň dowamynda aýlawly görnüşde geçirildi.

Garaşylyşy ýaly, çempionlyk ugrundaky esasy bäsleşik üç dogan Atabaýewleriň arasynda bolup geçdi.

Şowsuz başlangyja – birinji tapgyrda Şahruh Turaýewden utulandygyna garamazdan, 2472 FIDE reýtingi bolan Maksat Atabaýew ýaryşyň galan bölegini durnukly oýnap, netijede mümkin bolan 13 utukdan 10,5 utuk gazanmak bilen, ýeňiji boldy.

Maksat Atabaýew altynjy gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy. Ondan öň 2009, 2010, 2012, 2015 we 2017-nji ýyllarda ol ýokary liganyň küştçüleriniň arasynda geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda ýeňiji bolupdy.

Ýaryşyň birinji ýarymynda gezekli-gezegine öňde baran onuň inileri Ýusup bilen Saparmyrat bolsa ahyrda ýalňyşlyklar goýberdiler we netijede, çempionlygy elden giderdiler. Grossmeýster Ýusup Atabaýew (2516) 11-nji tapgyrda FIDE ussady Azat Nurmämmedowdan (2408) asgyn geldi. Halkara ussat Saparmyrat Atabaýew (2448) 10-njy tapgyrda zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony Läle Şöhradowadan (1891) utulmakdan halas boldy, 12-nji tapgyrda bolsa ussatlyga dalaşgär Soltan Myradowdan (2222) utuldy.

Netijede, 28 ýaşly Ýusup bilen 23 ýaşly Saparmyradyň hersi 10 utuk toplady, ýöne Zonneborn-Bergeriň goşmaça koeffisiýenti Saparmyrady 2-nji orunda goýdy.

Çempionatyň netijelerine görä, milli ýygyndynyň düzümine ýeňijilerden daşgary 4-5-nji orunlary eýelän Azat Nurmämmedow we ýaryşyň “açyşy” bolan 16 ýaşly birinji derejeli Amanmuhammet Hommadow (1956) dagy-da girdi. Jemleýji sanawda bu zehinli ýaş küştçi Şahruh Turaýew (6-njy ýer), Soltan Myradow (7-nji ýer), FIDE ussady Mergen Kakabaýew (8-nji ýer) we halkara ussat Karen Grigorýan (9-njy ýer) ýaly güýçli garşydaşlaryndan öňe geçdi. Geljegine uly umyt edilýän bu ýigidiň şu ýyl halkara ýaryşlaryndaky oýnuna tomaşa etmek gyzykly bolar.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň wekilleriniň düşündirmegine görä, şu ýyl resmi halkara ýaryşlarynda hem zenanlar, hem erkekler ýygyndy toparlarynyň oýunçylary ýurdumyzyň abraýyny ýeterlik derejede gorap bilerler.