Ï Daşoguz welaýatynda bagbançylyk boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda bagbançylyk boýunça okuw geçirildi

view-icon 3902
Daşoguz welaýatynda bagbançylyk boýunça okuw geçirildi

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy we Ruhubelent etraplarynda bagbançylygy ösdürmek boýunça amaly maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Aral deňziniň jülgesinden peýdalanmak üçin ýer gorlaryny we ýokary tebigy gymmatlyklary bolan ekoligik ulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy.

Oňa ýerli mülkdarlar, häkimlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň we sebitdäki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Okuwa gatnaşanlar suw-ýer gorlaryny durnukly peýdalanmak, hususan-da baharda miweli agaçlary ideg etmek arkaly bagbançylyk işini alyp barmagyň innowasion usullary bilen tanyşdylar. Hünärmenler, şeýle hem olary howanyň üýtgeýän şertlerinde bag meýdanlaryny zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak boýunça çäreler bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMGÖM-niň «Aral deňziniň jülgesinden peýdalanmak üçin ýer gorlaryny we ýokary tebigy ekologik ulgamlary goramak we durnukly dolandyrmak» atly bilelikdäki taslamasy 2022-nji ýylda başlanyp, Türkmenistanyň Aral ýakasynda durnukly ösüş we gymmatly ekoligik ulgamlary gorap saklamak üçin uzak möhletleýin çözgütlere gönükdirilendir.